Aşgabatda Ýwropa Bileleşiginiň 2016-njy ýylyň ahyrynda başlanan „Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek“ taslamasynyň Ýolbaşçy komitetniň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Komitetiň bilelikdäki işi utgaşdyrýan agzalarynyň 19-sy gatnaşdy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi Germaniýadan, Latwiýadan we Gresiýadan halkara bilermenleriniň dördüsiniň gatnaşmagyna durmuşa geçirilýän taslamanyň esasy utgaşdyryjysydyr.
Dürli pudaklaryň işine ussat hünärmenlere talabyna laýyk hünär bilimini bermäge gönükdirilen taslamanyň esasy maksady, -bilim bermegiň derejesini ýokarlandyrmakdan, okuw maksatnamalaryny we materiallaryny öňdebaryjy ýewropa tejribesine laýyk we zähmet bazarynyň talaby seljerilip döwrebaplaşdyrylmagyndan ybaratdyr.
Duşuşykda taslamanyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berildi we onuň tehniki wezipeleriniň ýerine ýetirilişiniň ugurlaryna garaldy. Işi Ýolbaşçy komitet utgaşdyrýar, onuň düzüminde bilim, daşary işler, ykdysadyýet we ösüş, maliýe, oba we suw hojalyk, gurluşyk we binagärlik, dokma senagaty, awtobobil ulaglary ministrlikleriniň, şeýle hem döwlet edaralarynyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar.
Taslamanyň çäklerinde bilim ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, dünýä tejribesini ulanmaga we bilimiň innowasion usullarynyň ornaşdyrmaga bagyşlanan okuwlar düşündiriş çäreleri guralar.