Ï Demirgazyk sebitde multilingiwal mekdepleriň sany artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demirgazyk sebitde multilingiwal mekdepleriň sany artýar

view-icon 2612
Daşoguz şäheriniň bilim edaralarynyň üçüsi--1; 3; 7-nji mekdeplerine ýörüteleşdirilen mekdepler derejesi berildi. Şu okuw ýylynyň başyndan olarda iňlis dili çuňňur öwreniler. Welaýatyň hünärmenleri sebitde ýörüteleşdirilen multilingiwal: iňlis, nemes, fransuz, hytaý we beýleki dilleri öwredýän bilim edaralaryny döretmegiň taslamasyny işläp taýýarladylar. Täzelik oba mekdeplerine-de giriziler.

Şeýle özgertmeler bilime iň gowy dünýä tejribesini göz öňünde tutup döwrebaplaşdyrmaga, interaktiw usullary işjeň ornaşdyrmaga, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasion özgertmeleri durmuşa geçirmek netijesinde mümkin boldy.

Daşoguz welaýatynda bäş ýüzden gowrak umumy bilim berýän mekdep bolup, olarda okaýan ýarym milliondan gowrak çaganyň aň-paýhas, döredijilik we beden taýdan ösmegi üçin zerur şertler döredilen.Ýurdy okgunly ösdürmek wezipesiniň we onuň ählumumy dünýähojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň jähtinden multilingiwal bilime, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem okuwçylaryň ylmy-barlag endiklerini höweslendirmäge uly üns berilýär. Okuwçylaryň bilimleri almaga we hünär gözükmesine islegini höweslendirmek üçin dürli dersler boýunça ýörütelşdirilen mekdepleriň sanyny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.