Ï Paýtagtyň okuw jaýlarynyň wekilleri maglumatlar bilim ulgamyny kemala getirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtyň okuw jaýlarynyň wekilleri maglumatlar bilim ulgamyny kemala getirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 2842
Aşgabatda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça birinji usluýet maslahaty geçirildi, oňa esasan paýtagtymyzyň orta umumybilim berýän we ýörüteleşdirilen mekdepleriniň ýolbaşçylary we informatika mugallymlary, Milli bilim institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bilim ministrliginiň we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikdäki başlangyjy bilen geçirilen mugallymlar forumy döwlet baştutanynyň şu ýylyň 15-nji sentýabryndaky ýörüte Karary bilen tassyklan Sanly bilim ulgamy konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurnaldy.

Konsepsiýa maglumatlar bilim ulgamyny döretmäge we bilimiň elektron serişdeleriniň ählumumy elýeterligini üpjün etmäge, bilimiň hilini gowulandyrmaga we mugallymçylyk usulýetlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Wirtual bilim giňişligini döretmek- elektron resminama dolanşygynyň milli ulgamyny ösdürmekde möhüm ädimdir. Zerur elektron maglumatlaryň esasy gory Bilim ministrligniň düzüminde döredilen Maglumatlar merkeziniň serwerinde saklanylar.

Bellenilişi ýaly,dürli dersler boýunça elektron bilim usullaryny, sanly okuw kitaplaryny we gollanmalaryny, wideo we audio maglumatlary, interaktiw we multimedia maksatnamalaryny, tanyşdyrylyşlary we ş.m. toplumlaýyn işläp taýaýrlamak merkeziň esasy wezipeleriniň biridir. Merkezde ylym we bilim ulgamynda dünýäde gazanylanlar barada iň täze maglumatlar jemleniler. Hususan-da, ensiklopediýalaryň we sözlükleriň ýörüte sanawyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Mugallymlar forumy çagalar baglaryndan ýokary okuw mekdeplerine çenli milli bilim ulgamynyň ähli derejesine wekilçilik edýän hünärmenlere tejribe alyşmak üçin meýdança boldy. Milli bilim institutynyň wekilleriniň, öz işinde innowasion maglumatlar tehnologiýalarynyň işjeň ulanýan paýtagtyň 12, 28, 37, 59, 72, 87-nji mekdepleriniň müdirleriniň we mugallymlarynyň çykyşlary has manyly boldy.

Ýakyn wagtda ýurduň okuw jaýlarynyň ählisi maglumatlar goruny döretmeli bolarlar, olar Bilim ministrliginiň ýanyndaky merkezi serwere goşularlar. Paýtagtyň mekdeplerinde we Şäher bilim müdirliginde iş toparlary dörediler we Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy düzüler.

Elektron resminama dolanşygyna synp žurnallary, okuwçylaryň gündleikleri, mugallymlaryň konspektleri we beýleki kömekçi okuw-usulýet edebiýatlary goýular. Her okuw jaýynyň maglumatlar gory okuwçylaryň ata-enelerine-de elýeter bolar.

Şu kysmy işler welaýatlarda-da gurnaldy. Tejribe alyşmak üçin noýabrdan başlap her aýda seminarlar geçiriler. Ilkinji bolup öz iş usullary bilen paýtagtymyzyň 28-nji mekdebiniň mugallaymlary tanyşdyrarlar, mekdebe tehniki ylymlaryň kandidaty, at gazanan bilim işgäri, Matymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi, „Ýylyň mugallymy“ adyny alan Hemra Aramedow ýolbaşçylyk edýär.

Elektron ulgamynyň okuwçylar, talyplar, ata-eneler, bilim işgärleri, şeýle hem gyzyklanýan her adam üçin elýeterligini üpjün etmek maksady bilen ýurduň bilim edaralarynyň ählisi tapgyrlaýyn bütewi elektron ulgamyna goşular.