Ï Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna saýlama tapgyrda türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary mälim boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna saýlama tapgyrda türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary mälim boldy

view-icon 7927
Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna saýlama tapgyrda türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary mälim boldy

Malaýziýanyň paýtagtynda onlaýn görnüşde bije çekişliginde türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary Bahreýniň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň ýygyndy toparlary boldular.

Saýlama tapgyrda 6 topara bölünen 24 ýygyndy çykyş eder.

Türkmenistan öz bäsdeşleri bilen «Е» topara düşdi. Onuň duşuşyklary 8-nji iýundan 14-nji iýun aralagynda bir aýlawda Malaýziýada geçiriler.

Beýleki toparlar:

«A» toparda: Iordaniýa, Kuweýt, Indoneziýa, Nepal;

«B» toparda: Palestina, Filippinler, Ýemen, Mongoliýa;

«C» toparda: Özbegistan, Tailand, Maldiwler, Şri-Lanka;

«D» toparda: Hindistan, Gonkong, Owganystan, Kamboja;

«F» toparda: Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Mýanma, Singapur.

Aziýa Kubogy-2023 ýaryşynyň final bölegine toparlaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelänleriň güýçlüleriniň bäşisi çykar.

Öň 13 ýygyndy – Siriýanyň, Awstraliýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, BAE-niň, Koreýa Respublikasynyň, Omanyň, Yragyň, Wýetnamyň, Hytaýyň, Liwanyň we Kataryň ýygyndylary Aziýa Kubogy-2023 ýaryşynyň final bölegine gatnaşmaga hukuk gazanypdylar.

Aziýa yklymynyň futbol baş ýaryşynyň final bölegi 2023-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 16-njy iýuly aralygynda Hytaýyň birnäçr şäherinde geçiriler.

Türkmen futbolçylary Aziýa Kubogy ýaryşyna iki gezek: ilkinji gezek 2004-nji ýylda Hytaýda, ikinji gezek 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen ýaryşa gatnaşdylar.

Futbol boýunça Aziýa Kubogy ýaryşy dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Kataryň ýygyndysy Aziýanyň häzirki çempionydyr.