Ï Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna saýlama tapgyrda milli ýygyndymyzyň duşuşyklarynyň senesi mälim boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna saýlama tapgyrda milli ýygyndymyzyň duşuşyklarynyň senesi mälim boldy

view-icon 8128
Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna saýlama tapgyrda milli ýygyndymyzyň duşuşyklarynyň senesi mälim boldy

Aziýa futbol konfederasiýasy 6 topara bölünen 24 ýygyndynyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 8-nji iýunyndan 14-nji iýuny aralagynda bir aýlawda geçiriljek 18-nji Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna saýlama tapgyryň oýunlarynyň senesini mälim etdi.

Türkmenistanyň ýygyndysy Kuala-Lumpurda geçirilen bije çekişliginden soň Bahreýniň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň ýygyndylary bilen «E» topara düşdi, bu toparyň duşuşyklary 1998-nji ýylda gurlan 87 müň tomaşaça niýetlenen «Bukit Jalil» stadionynda geçiriler.

Türkmenistanlylar 8-nji iýunda ilkinji oýunda ýaryş geçirilýän ýurduň futbolçylary – malaýziýalylar bilen duşuşarlar.

Malaýziýanyň ýygyndysy FIFA-niň görkezijisinde häzir 154-nji orny eýeleýär, tükmen futbolçylary ozal onuň bilen duşuşmandy. Ýygyndyny Aziýa Kubogy-2023 ýaryşynyň saýlama tapgyryna 52 ýaşly koreýaly hünärmen Kim Pan-Gon taýýarlar, ol ozal Gonkongyň ýaşlar ýygyndysyny we Aziýa klublarynyň birnäçesini türgenleşdiripdi.

Onuň belleýşine görä, Türkmenistanyň ýygyndysy bilen duşuşygyň ýaryşyň final bölegine çykmak üçin möhüm ähmiýeti bolar.

«Türkmenistanyň ýygyndysyna garşy ilkinji oýnumyz biziň üçin örän wajypdyr. Onda biz utuk gazanmalydyrys» – diýip Kim Pan-Gon Malaýziýanyň KHBS-lerine beren interwýusynda aýtdy.

Malaýziýanyň ýygyndysynyň oýunçylarynyň aglabasy mili Superligada çykyş edýärler. Olaryň arasynda iki legioner hem bar: 25 ýaşly goragçy Dion Kols Belgiýanyň «Zýulte-Waregem» klubynda kärendede, 19 ýaşly Lukman Hakim Şamsudin Angliýanyň «Kardiff Siti» klubynyň hatarynda çykyş edýär.

Malaýziýaly futbolçylar Aziýa Kubogy ýaryşyna üç gezek (1976, 1980 we 2007-nji ýyllarda) gatnaşdylar, ýöne topardaky tapgyrdan çykyp bilmediler.

Ildeşlerimiziň beýleki bäsdeşi – Bangladeşiň ýygyndysy FIFA-niň görkezijisinde häzir 186-njy orunda, onuň bilen duşuşyk 11-nji iýunda geçiriler. Bangladeşliler Aziýa Kubogy ýaryşyna bary-ýogy 1 gezek – 1980-nji ýylda gatnaşdylar. Ýerli klublaryň oýunçylaryndan ybarat Bangladeşiň ýygyndysyny 2022-nji ýyldan bäri ispaniýaly hünärmen Hawýer Kabrera türgenleşdirýär. FIFA-nyň görkezijisinde 134-nji orundaky Türkmenistanyň we Bangladeşiň ýygyndylary ozal özara duşuşmandylar.

Jemleýji tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy 14-nji iýunda toparda iň güýçli hasaplanylýan Bahreýniň topary bilen duşuşar. Bu ýurduň futbolçylary FIFA-nyň görkezijisinde 89-njy orny eýleleýärler. Bahreýnliler häzire çenli Aziýa Kubogy ýaryşyna alty gezek (1988, 2004, 2007, 2011, 2015 we 2019-njy ýyllarda) gatnaşdylar. Olaryň ýeten iň ýokary derejesi – 2004-nji ýylda dördünji orna mynasyp bolupdylar. 2019-njy ýylyň tomsundan bäri Bahreýniň ýygyndysy portugaliýaly tanymal hünärmen Eliu Souza taýýarlaýar, ol bu gezek hem topary Aziýa Kubogy ýaryşynyň finalya çykarmagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň we Bahreýniň futbolçylary ýygyndylar derejesinde dört gezek duşuşdylar. 1994-nji ýylda Hirosimoda geçirilen tomusky ХII Aziýa oýunlarynda 2:2 hasabynda deň oýnadylar. 2005-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň ýygyndysy hatarynda Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň klublarynda çykyş edýän legionerler bolmansoň myhmançylykdaky ýoldaşlyk duşuşygynda 0:5 hasabynda utulypdy.

Şondan soň olar Aziýa Kubogy-2019 ýaryşyna saýlama tapgyrda iki gezek duşuşdylar. Iki oýunda-da bahreýnliler: myhmançylykda – 2:1 we öz meýdançasynda – 4:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Şeýle bolsa-da, Türkmenistanyň ýygyndysy toparda ikinji orna düşdi we ikinji gezek Aziýa Kubogy ýaryşynyň final tapgyryna çykdy.

2023-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 16-njy iýuly aralygynda Hytaýda geçiriljek Aziýa Kubogy ugrundaky 18-nji ýaryşa toparlaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelänleriň güýçlileriniň bäşisi gatnaşar.

Ozal 13 ýygyndy – Siriýanyň, Awstraliýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, BAE-niň, Koreýa Respublikasynyň, Omanyň, Yragyň, Wýetnamyň, HHR-nyň, Liwanyň we Kataryň ýygyndylary Aziýa Kubogy-2023 ýaryşynyň final bölegine gatnaşmaga hukuk gazanypdylar.