Özbegistanyň «Sogdiana» kluby AFK Kubogy-2022 ýaryşynda «E» toparda Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň bäsdeşi boldy.
Ol AFK-nyň Çempionlar ligasyna saýlama tapgyrda «Nasaf» (Özbegistan) we «Bani Ýas» (BAE) klublarynyň duşuşygyndan soň belli boldy. Onda Karşi şäheriniň kluby 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Şundan soň «Nasaf» topary klublaryň arasynda Aziýanyň iň abraýly ýaryşynyň toparlaýyn tapgyryna çykdy. Indi AFK Kubogy-2022 ýaryşynda oňa derek Özbegistanyň wise-çempiony – şu wagta çenli AFK-nyň halkara ýaryşlaryna bir gezek hem gatnaşmadyk Jizak şäheriniň «Sogdianasy» çykyş eder.
«E» toparda «Sogdiana» we «Altyn asyrdan» başga-da, 2021-nji ýylda Gyrgyzystanyň Kubogyny eýelän «Neftçi» (Koçkor-Ata) we Täjigistanyň çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesi SSKA (Duşanbe) çykyş ederler. Ýaryş 24-30-njy iýun aralygynda Duşanbede geçiriler.
«E» toparynyň ýeňijisi zolak final oýunda «F» toparyň iň güýçli topary bilen duşuşar. Onda Türkmensitanyň alty gezek çempiony «Köpetdag» (Aşgabat) Gyrgyzystanyň 13 gezek çempiony «Dordoý» (Bişkek) we Täjigistanyň Hujant şäheriniň adybir kluby bar.
Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony «Altyn asyr» AFK Kubogy ýaryşynda 2005-njiýyldan bäri çykyş edýär. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň kluby 2018-nji ýylda finala çykyp, iň ýokary netije gazandy. Şonda ol Yragyň «Air Force Club» topary bilen duşuşypdy we bu duşuşyk «Altyn asyr» üçin şowsuz tamamlanypdy.