Ï Türkmen futzalçylary Özbegistanyň «Bunýodkor» toparyny ýeňlişe sezewar etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen futzalçylary Özbegistanyň «Bunýodkor» toparyny ýeňlişe sezewar etdi

view-icon 6814
Türkmen futzalçylary Özbegistanyň «Bunýodkor» toparyny ýeňlişe sezewar etdi

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2022 ýaryşynyň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäklerinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Özbegistanyň «Bunýodkor» toparyny 6:1 hasabynda utdy. Oýun Daşkent şäherinde geçdi, bu ýerde milli ýygyndymyz jogapkärli oýunlardan öň gysga wagtlyk okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirýär.

Daşkent şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanşygy gutarýança ýurdumyzyň futzalçylary Özbegistanyň ýygyndysy bilen ýene bir ýoldaşlyk oýnuny geçirerler, soňra Aziýa Kubogy – 2022 ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Bişkege ugrarlar.

Ýaryşyň final ýaryşyna iki topara bölünen 8 ýygyndydan 4-si çykar.

Aziýa Kubogy – 2022 ýaryşynyň saýlama ýaryşynda «Merkez we Günorta» birleşen zolagyň «A» toparynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary ilkinji oýunda 10-njy aprelde ýer eýeleri – Gyrgyz Respublikasynyň futzalçylary, 11-nji aprelde Aziýanyň 12 gezek çempiony Eýranyň topary we 12-nji aprelde Maldiwleriň topary bilen duşuşar. Aziýa Kubogy – 2022 ýaryşynyň final bölegine topardan güýçli ýygyndylaryň ikisi çykar.

«B» toparda Bişkekde Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we Nepalyň ýygyndylary çykyş ederler.

Kuweýtde 25-nji sentýabrdan 20-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Aziýa Kubogy -2022 ýaryşyna konfedersiýa agza ýurtlaryň 16-synyň güýçli ýygyndylary gatnaşarlar.