«Ahal» toparyň oýunçylary Jidda şäherine (Saud Arabystany) geldiler, bu ýerde 7-nji aprelden 27-nji aprel aralygynda Türkmenistandan, Eýrandan, Katardan we Birleşen Arap Emirliklerinden dört topar iki aýlawly ýaryşda Aziýanyň iň abraýly toparlar baýragy ugrunda bäsleşerler.
Şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn ýaryşyna geografik ýerleşişine görä 2 – Günbatar we Gündogar zolaklaryna bölünen 40 topar gatnaşýar.
Türkmenistanyň wise-çempiony Günbatar zolagyň «С» toparynda «Şabab Al-Ahli» (BAE), «Al-Garafa» (Katar) we «Fulad» (Eýran) toparlary bilen duşuşar.
Türkmen wekilýetiniň hatarynda 36 adam, şol sanda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýaryşynda «Ahalyň» düzüminde çykyş etjek 26 futbolçy bar. Olar:
derwezebanlar – Resul Çaryýew, Öwezmyrat Öwezmyradow, Rüstem Ahallyýew, Muhammet Öwezow;
goragçylar – Gurbanguly Aşyrow, Hoşgeldi Hojowow, Abdy Bäşimow, Ata Geldiýew, Şöhrat Söýünow, Azatmuhammet Hojamuhammedow, Daýanç Nuryýew;
ýarym goragçylar – Gurban Annaýew, Elman Tagaýew, Amir Gurbani, Resul Hojaýew, Mirza Beknazarow, Ybraýym Mämmedow, Arzuwguly Sapargulyýew, Serdar Geldiýew, Arslanmyrat Amanow, Döwran Hojamämmedow, Daýanç Meredow;
hüjümçiler – Şanazar Tirkişow, Meýlis Diniýew, Selim Nurmyradow, Didar Durdyýew.
Ýaryşyň ähli geçririljek duşuşyklar Saud Arabystanynda giç başlanar. Meselem, «Ahalyň» 2020/21 futbol möwsüminde BAE-niň çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesi «Şabab Al-Ahli» topary bilen duşuşygy 8-nji aprelde Aşgabat wagty bilen 01 sagat 15 minutda başlar.
«Şabab Al-Ahli» Birleşen Arap Emirlikleriniň iň abraýly toparlaryň biridir. Ol BAE-niň ýedi gezek çempiony, BAE-niň Prezidentiniň Kubogyny 10 gezek, BAE-niň Ligasynyň kubogyny 5 gezek we BAE-niň eýelän başarypdy. Ol 2015-nji ýylda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp, onda Hytaýyň «Guançžou Ewergrand» toparyndan 0:1 hasabynda utuldy.
Ikinji tapgyrda 11-nji aprelde «Ahal» Kataryň «Al-Garafa», 14-nji aprelde Eýranyň «Fulad» toparlary bilen duşuşar.
Soňra olar 18-27-nji aprel aralaygynda öz arasynda ýene bir aýlaw oýnarlar.
1/8 finala 10 toparyň ýeňijileri we Günbatar zolakdan we Gündogar zolakdan ikinji orny eýelän güýçli 3 topar çykar.
Türkmen futbolçylary soňky gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynda 2003-nji ýylda çykyş edipdiler. Şonda Aşgabadyň «Nisa» topary toparlaýyn ýaryşyň çärýek finalyna çykypdy. 19 ýyldan soň «Ahal» ilkinji gezek Aziýanyň iň abraýly toparlar ýaryşynda wekilçilik edýär.
Geçen möwsümde «Ahal» altynjy gezek Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş baýragyny we taryhynda ilkinji gezek Aziýa yklymynda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli topar ýaryşynyň AFK Kubogynyň Merkezi Aziýa zolak ýaryşynyň finalyna çykdy. Indi ol Aziýanyň iň abraýly toparlar baýragy ugrunda bäsleşer, oňa gatnaşmagy futbolçylarymyzyň ussatlygynyň artmagy üçin uly mekdep bolar.