Ï «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary öňde barýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» we «Altyn asyr» toparlary öňde barýarlar

view-icon 6680
«Ahal» we «Altyn asyr» toparlary öňde barýarlar
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 8-nji tapgyrynda çempionlyk ugrunda bäsleşýän «Ahal« we «Altyn asyr» toparlary uly hasap bilen ýeňiş gazandylar we bäsdeşlerinden ara açdylar.

«Ahal» Balkanabatda myhmançylykda soňky orunda barýan «Nebitçini» 1:4 hasabynda utup , ýeňiş gazandy.

Şu ýeňişden soň «Ahalyň» 22 utugy bar. Maryda «Energetigi» 5:1 hasabynda utan «Altyn asyryň» ondan 4 utugy az.

Geçen ýylky çempionatyň bürünç medalynyň eýesi Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» «Aşgabat» toparyndan 1:2 hasabynda utuldy.

Bassyr ikinji gezek utulan «Şagadam» üçünji orna geçmek mümkinçiligini elden giderensoň , indi «Merw» topary 13 utuk bilen ilkinji üçlüge girýär. «Köpetdag» 12 utuk toplap 4-nji, «Şagadam» topary hem 11 utuk bilen 5-nji orunda barýarlar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyry 13-nji sentýabrda «Merw» -- «Energetik», «Köpetdag» - «Aşgabat», we «Şagadam» --«Nebitçi» toparlarynyň duşuşygy bilen açylyp, «Ahal» hem-de «Altyn asyr» toparlarynyň oýny bilen hem jemlener.