Şu gün türkmen tennisçiler topary Dewis Kubogyna taýýarlyk görmek üçin, Özbegistanyň paýtagtyna ugrady. Bu abraýly ýaryşlarda ildeşlerimiz Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda çykyş ederler. Bu toparyň oýunlary 17 – 24-nji oktýabrda Isa-Town (Bahreýn) şäherinde geçiriler.
3-nji topara geçmegiň ýeke-täk mümkinçiligi ugrunda ikä bölünen 10 topar – Bahreýniň, Butanyň, Kambojanyň, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň, Guamyň, Kuweýtiň, Mongoliýanyň, Singapuryň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlary bäsleşerler. Toparlaryň düzümi 16-njy oktýabrda geçiriljek bije atyşlygynyň netijesi bounça belli bolar.
Toparlaryň ýeňijileri 2023-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 3-nji toparyna gatnaşmak hukugy ugrunda çözüji oýunda oýnar.
Türkmenistanyň tennis federasiýasynda aýtmaklaryna görä, toparymyzyň düzümi Ýuriý Rogusskiýden, Meýlis Orazmuhammedowdan, Gurbanberdi Gurbanberdiýewden, Hajy Çaryýewden, Altymyrat Gurbanowdan ybarat. Erkekler ýygyndy toparynyň kapitany we baş tälimçi – Miraly Hasanow.
Türkmenistanyň topary Dewis Kubogyna taýýarlygyň çäginde Daşkendäki türgenleşik ýygnanyşygynda, birnäçe ýoldaşlyk oýnuny, şol sanda Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen hem oýnamagy meýilleşdirýär.
Türkmen tennisçileri Dewis Kubogynda 2004-nji ýyldan bäri çykyş edýärler. Olar bu ýaryşlarda iň gowy netijäni 2015-nji ýylda gazanyp, Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynyň ýaryşynyň pleý-offuna çykmagy bardylar.