«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempionlygy ugrundaky ýaryşda öňde barýan «Ahal» topary bilen arany 5 utuga çenli ýygyrdy. Ýaryşda şeýle ýagdaý 11-nji tapgyrdan soň ýüze çykdy. Bu tapgyrda «Ahal» futbol topary ýeňişli sekiz oýnunyň sanyny artdyryp bilmedi, tersine, soňky sekiz ýylyň taýsyz çempiony «Altyn asyr» topary hatasyz oýnap, hasabyna ýene 3 utuk gazandy.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň futbol topary paýtagtda myhmançylykda oýnap, «Köpetdagy» 1:0 hasabynda ýeňdi. Aýgytlaýjy pökgini 61-nji minutda Myrat Annaýew tora girizdi.
«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň futbol topary Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» bilen 1:1 hasabynda oýnap, iki utugy elden giderdi. Aslynda, Salim Umarowyň arakesmeden soň, 32-nji minutda amala aşyran takyk urgusy netijesinde «Ahal» topary utulmak bilen boldy, ýöne 48-nji minutda Resul Hojaýewiň salan goly netijesinde, Mergen Orazowyň şägirtleri ýeňlişden halas boldular.
11-nji tapgyrdan soň «Ahal» 29 utuk bilen öňde barýar. «Köpetdagdan» üstün çykandan soň, 24 utuk toplan «Altyn asyr» bolsa ikinji orna gaýdyp geldi. 22 utukly « Merw» baýraga dalaşgär üç toparyň ahyrkysydyr.
Türkmenistanyň çempionatynyň indiki, 12-nji tapgyry 4-nji oktýabrda : «Energetik» – «Şagadam», «Altyn asyr» – «Merw», «Nebitçi» – «Aşgabat» futbol toparlarynyň arasynda boljak oýunlar bilen başlap, 5-nji oktýabrda «Ahal» – «Köpetdag» futbol toparlarynyň duşuşygy bilen tamamlanar.