Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň (17 ýaşdan geçmedik) futbolçylary Iordaniýanyň Zarka şäherinde başlanan Aziýa-2023 Kubogynyň saýlama ýaryşyndaky çykyşlaryny filippinleri 2:0 hasabynda utmak bilen başladylar.
Ýaryşyň jemleýji bölegine gatnaşmak hukugy ugrunda «A» toparda bulardan başga ýene üç topar: Iordaniýa, Siriýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň ýygyndy toparlary göreşýärler.
«Şazada Muhammet» halkara stadionynda bolan açylyş duşuşygynda Batyr Şyhyýewiň şägirtleri garşylykly derwezä oýnuň her ýarymynda bir pökgi geçirmek üçin kän bir kynçylyk çekmediler. Enwer Annaýew iki pökgi, ikisinem jerime urgusyndan (20-nji we 64-nji minutlarda) geçirdi.
Bu topara degişli Siriýanyň we Iordaniýanyň ýygyndy toparlarynyň duşuşygynda hasap açylmady.
Şeýlelikde, birinji tapgyrdan soň Türkmenistanyň ýaşlary 3 utuk bilen öňdeligi eýelediler. Olaryň iordaniýaly we siriýaly deň-duşlarynyň hersi 1 utuk gazandy. Ýaponiýanyň we Filippinleriň toparlarynda heniz utuk ýok. Eýsem-de bolsa, ýaponlar heniz ýekeje oýnam oýnanoklar.
Ikinji tapgyrda Türkmenistanyň ýaşlar topary Siriýanyň topary bilen oýnar. Başga bir oýunda Filippinleriň we Ýaponiýanyň oýunçylary duşuşarlar.
2023-nji ýylyň 3-nji maýyndan 20-nji maýyna çenli Bahreýnde geçiriljek Aziýa Ýaşlar Kubogynyň (U-17) jemleýji bölegine 10 saýlama toparyň ýeňijileri we ýaryşda ikinji ýeri eýelänleriň arasyndan iň oňat 5 topar çykar.
Oýunçylaryň hünär derejesini kesgitleýän jemleýji tapgyryň netijeleri boýunça iň oňat dört futbol topary 2023-nji ýylda Peruda geçiriljek Ýaşlaryň 19-njy dünýä çempionatynda Aziýanyň wekili bolmak hukugyny gazanarlar.