Ï «Altyn asyr» paýtagtymyzda «Aşgabat» bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» paýtagtymyzda «Aşgabat» bilen duşuşdy

view-icon 6451
«Altyn asyr» paýtagtymyzda «Aşgabat» bilen duşuşdy

«Altyn asyryň» futbolçylary paýtagtymyzda «Aşgabat» bilen duşuşykda 0:0 hasabynda deň oýnap, Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda bäsleşikde iki utugyny giderdi.

Futbol boýunça ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 13-nji tapgyry «Nusaý» stadionynda şu oýun bilen başlandy.

Birinji aýlawda bu toparlaryň özara duşuşygynda «Altyn asyr» 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Indi «Altyn asyryň» 28, ýaryşda öňde barýan «Ahalyň» 32 utugy bar. Özi-de «Türkmennnebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynyň bir oýny az. Diýmek, «Ahal» myhmançylykda «Merwi» utsa, onda soňky sekiz ýyl bäri çempionlygy elden bermeýän «Altyn asyrdan» aratapawudy 7 utuga ýeter.

13-nji tapgyryň indiki oýunlarynda «Nebitçi» – «Energetik», «Köpetdag» – «Şagadam» toparçalary duşuşarlar.