Türkmenistanyň ýetginjekler (ýaşy 17-ä çenli) ýygyndy toparynyň futbolçylary iordaniýaly deň-duşlary bilen Iordaniýanyň Zarka şäherinde geçirilen Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna saýlama ýaryşda 3:3 hasabynda deňme-deň oýnadylar.
Şu oýundan öň ildeşlerimiz «A» toparda 4 utuk bilen 2-3-nji orunlary paýlaşýardylar. Türkmenistanlylar ozal filippinli oýunçylary 2:0 hasabynda utup, siriýaly topar bilen 1:1 hasabynda deň oýnadylar, ýaponýaly futbolçylardan 0:7 hasabynda utuldylar. Ätiýaçda bir oýny bolan iordaniýaly futbolçylar siriýaly topar bilen 0:0 hasabynda deň oýnap, filippinli topary 3:1 hasabynda utdular. Şonuň üçin bu oýnuň bäsdeşleriň ikisi üçin-de ähmiýeti uludy.
Oýun hüjümden başlandy. Duşuşygyň 7-nji minutynda Batyr Şyhyýewden tälim alýan futbolçylar jerime meýdançasynyň burçundan jerime urgusyny urmaga hukuk gazandylar. Ýygyndymyzyň kapitany Denis Titow pökgüni ýokardan depdi. Derwezeban ony tutup ýetişmedi, pökgi päsgelçiliksiz tora girdi.
Dogrusy, ol meýdança eýelerini ruhdan düşürmedi, olar 2 minutdan soň hasaby deňlediler. Meýdançanyň çep gyrasyndan berlen pökgä gözegçisiz galan Ibragim Mohammad Sabra ýetişip, pökgüni kellesi bilen urup, hasaby deňledi – 1:1. Toparlar şeýle hasap bilen arakesmä çykdylar.
Oýnuň ikinji ýarymy başlandan ildeşlerimiz öňe çykdylar – 2:1. 46-njy minut ahyrlap barýarka Denis Titow ikinji pökgüni tora saldy.
Ýöne bu gezegem meýdança eýeleri erjellik görkezdiler. 52-nji minutda Ezzeldin Naýel Abuakulad jerime meýdançasynyň burçundan pökgini derwezäniň ýokarky burçuna gönükdirdi, netijede hasap ýene deňleşdi – 2:2.
81-nji minutda Ezzeldin Naýel Abuakulad ikinji pökgüni tora salyp, toparyny ilkinji gezek öňe çykardy – 3:2.
85-nji minutda Enwer Ataýew 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňledi – 3:3. Ol 11 metrlik jerime urgusyny iki gezek urmaly boldy. Onuň birinji urgusy-da tora girdi, ýöne emin toparlaryň ikisiniňem oýunçylary urgudan öň jerime meýdançasyna girendikleri sebäpli, ony gaýtalamagy tabşyrdy.
Beýleki oýunda ýaponiýaly ýetginjekler siriýaly deň-duşlaryny 3:0 hasabynda utup, 9 utuk bilen «A» toparyň ýeňijisi hökmünde möhletinden öň 2023-nji ýylyň 3-nji maýyndan 20-nji maýy aralygynda Bahreýnde geçiriljek Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň final bölegine gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Iordaniýaly futbolçylar 5 utuk bilen ikinji orna düşdüler, olaryň Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna gatnaşmaga henizem mümkinçiligi bar.
Ondan soňky orunlarda Siriýanyň we Filippinleriň ýygyndylarynyň üç oýundan soň degişlilikde 2 we 0 utugy bar.
Jemleýji tapgyrda Filippinler—Siriýanyň, Ýaponiýa—Iordaniýanyň toparlary bilen duşuşarlar.
Aziýa Kubogy final ýaryşynda 16 topar—saýlama 10 toparyň ýeňijileri we ikinji orny eýelänlerden iň güýçlüleriniň bäşisi hem-de ýaryş geçirýän ýurt hökmünde Bahreýniň ýygyndysy oýnar.
Final tapgyryň jemi boýunça iň güýçli ýygyndylaryň dördüsi Peruda geçiriljek 19-njy Dünýä kubogy-2023 ýaryşynda Aziýa wekilçilik etmäge hukuk gazanar.