Paýtagtymyzyň Olimpýa şäherçesiniň tennis meýdançalarynda başlanan okuw-maslahata Türkmenistanyň sebitleriniň ählisinden tälimçiler geldiler. Ony halkara tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça bilermeni Amir Borgen geçirýär. Maslahatyň çäklerinde ol tennis meýdançasynda nazary we amaly sapaklaryny geçirer.
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda «AA»-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, Olimpiýa şäherçesindäki maslahat bilen birlikde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirilýär, oňa 336 türgen gatnaşýar.
12-nji oktýabrda sagat 16:00-dan sagat 19:00-a çenli Olimpiýa şäherçesiniň tennis meýdançalarynda ýaş zehinleriň gözden geçirilişi, şeýle hem Amir Borgeniň ussatlyk sapagy bolar. Isleg biriderýänleriň ählisi oňa gatnaşyp bilerler.
