Ï Bahreýnde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistan ilkinji medaly gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahreýnde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistan ilkinji medaly gazandy

view-icon 9133
Bahreýnde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistan ilkinji medaly gazandy

Bahreýniň paýtagtynda başlanan agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistan iki synanşykda ilkinji baýrak – bürünç medal gazandy. Ony geçen ýylyň ýanwarynda Halkara agyr atletika federasiýasy olimpiýa maksatnamasyna girmeýän 45 kg çenli agramda zenanlaryň arasynda 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi diýlip yglan edilen Ýulduz Jumabaýewa eýeledi.

Ilkibada şu agramda altyn medaly tailandly Tunýa Sukçaroýen eýeläpdi. Soňra 2018-nji ýylda Aşgabatda geçen dünýä çempionatyna gatnaşan türgenler gaýtadan barlanandan soň ol dopinge garşy düzgünleri bozandygy üçin ýaryşdan çykaryldy we altyn medaldan mahrum edildi. Netijede Ýulduz ikinji ýerden birinji orna geçdi.

Manamada Ýu. Jumabaýewa olimpiýa maksatnamasyna girýän 49 kg çenli agramda çykyş etdi, onda 8 ýurtdan 10 türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdiler.

Ştangany silkip götermekde Ýulduz üç synanşykdan birinden netijeli peýdalanyp, 75 kg göterip, 7-nji netije görkezdi, itekläp götermekde bolsa iki gezek synanyşdy, 97 kg göterip, bürünç medala mynasyp boldy.

Iki bäsleşigiň netijesi boýunça Ýulduz Jumabaýewa 172 kg – 2018-nji ýylda Aşgabatda geçen dünýä çempionatyndaky netijesinden 7 kg pes görkeziji bilen üçünji orna düşdi. Ol 4-5-nji orny paýlaşan hindistanly iki agyr atletikaçydan1 kg, artyk we silkip 79, itekläp – 102, jemi 181 kg göteren kümüş medal eýelän Taýwandan Çeng Szin Linden 9 kg pes netije görkezdi. Hytaýly Wan Szýali (81 + 105) – 186 kg ştanga bäs gelip, Aziýanyň çempiony boldy.

Häzirki wagtda Ý. Jumabaýewa Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji sport mekdebinde tälimçilik işini agyr atletika taýýarlygy bilen utgaşykly alyp barýar.

Şeýle hem zenanlar 55 kg çenli agramda çykyş etdiler, onda 2017-nji ýylda Anahaýmada (ABŞ) geçen dünýä çempionatynyň wise-çempiony Kristina Şermetowa ýurudumyza wekilçilik etdi.

Olimpiýa oýunlarynyň dördüsine gatnaşan Ümürbek Bazarbaýewden tälim alýan 29 ýaşly türgen ştangany silkip götermekde tailandly türgen bilen 5-6-njy orny paýlaşdy, itekläp götermekde bolsa göwün isläň üç agramynyň (104, 105 и 107 kg) hiç birine-de hötde gelip bilmedi.

Erkekleriň arasynda 61 kg çenli agramda türkmen türgeni Ihtiýor Mätkerimow (116 + 140) – jemi 256 kg netije görkezip, 12 ýurtdan 15 türgeniň arasynda 10-njy orna düşdi.

Aziýa çempionatynda erkekler we zenanlar 10 agramda bäsleşýärler, onda 30 ýurtdan jemi 187 (84 zenan we 103 erkek) medal ugrunda bäsleşýärler. Türkmenistandan yklym birinjiligine 12 – 4 zenan we 8 erkek türgen gatnaşýar.