Türkmenistanyň ýokary ligasynyň toparlarynyň arasyndaky futbol çempionatynyň 15-nji tapgyry Aşgabatda «Köpetdag» we «Merw» oýny bilen başlandy.
Bu garşydaşlaryň şu möwsümdäki üçünji oýnudy. «Köpetdagyň» meýdançasynda geçen birinji tapgyrda «Merw» topary 0:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Ikinji duşuşykda bolsa «Köpetdag» Maryda «Merw» toparyny 0:2 hasabynda utupdy. Emma bu gezek toparlar biri-biriniň derwezesine pökgi geçirip bilmediler.
Netijede, «Köpetdag» 25 utuk bilen üçünji orunda, «Merw» bolsa 23 utuk bilen dördünji orunda galdy.
Çempionatda 38 utuk toplan «Ahal» toparynyň öňde barýandygyny ýatladýarys. Ikinji orny 31 utugy bolan «Altyn asyr» eýeleýär.
Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyry «Altyn asyr» – «Energetik», «Ahal – Nebitçi» we «Şagadam – Aşgabat» toparlarynyň duşuşyklary bilen tamamlanar.