Ï Türkmen alabaýynyň baýramyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alabaýynyň baýramyna

view-icon 7359
Türkmen alabaýynyň baýramyna

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyz Türkmen alabaýynyň baýramyny bellär.

Bu wakany göz öňünde tutup, Aşgabatda we ähli welaýatlarda gadymy it tohumyna hem-de öňde boljak «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly II halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna bagyşlanan çäreler, sergiler, pikir alyşmalar geçirilýär.

Esasy dabaralardan öň, B.Amanow adyndaky Türkmenistanyň Döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzyň mekdeplerinde okuwçylar bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Ara alyp maslahatlaşmagyň temasy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyna bagyşlandy. Birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilen bu neşirde gadymy döwürlerden bäri biziň günlerimize gelip ýeten, milli nyşanlara öwrülen ahalteke atlary we halylary bilen birlikde, meşhur alabaý itleriniň gelip çykyşy hem-de ösüşi barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Mekdep okuwçylary owadan suratlar bilen bezelen we gyzykly maglumatlara baý bolan bu kitap arkaly türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda neneňsi uly orun eýeländigini barada köp zat öwrendiler. Çünki, alabaý halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde hem-de dünýä meşhur türkmen halylarynyň göllerinde-de wasp edilýär.

Ençeme asyrlaryň dowamynda alabaý diňe bir wepaly kömekçi bolman, eýsem, türkmenleriň goragçysy we ynamdar dosty boldy.

Köp sanly arheologik tapyndylar adam bilen itiň bu tohumynyň arasyndaky ýakyn gatnaşyga şaýatlyk edýär. Marguşda we Jeýtun medeniýetiniň gadymy ýadygärliklerinde alym-arheologlar alabaýlaryň jaýlanan ýerlerini tapdylar. Altyn-depe şäher döwletinde bürünç eýýamyna degişli terrakotta heýkeljikleri tapyldy. Pessejik-depede gadymy türkmen itleriniň gatnaşmagynda aw awlanýan pursaty beýan edýän diwar suraty saklanyp galypdyr.

Şu we beýleki taryhy maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň "Türkmen alabaýy" kitabynyň sahypalarynda ýerleşdirilipdir. Bu edebi eser bilen okyjylary mümkin boldugyça giňişleýin tanyşdyrmaga çalşyp, kitaphanaçylar ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmeklerini dowam edýärler.