Ï Tebigaty öwreniş kitaby we edebiýat boýunça gollanma çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigaty öwreniş kitaby we edebiýat boýunça gollanma çap edildi

view-icon 79
Tebigaty öwreniş kitaby we edebiýat boýunça gollanma çap edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça mekdep okuwçylary üçin tebigaty öwreniş kitaby we edebiýat boýunça gollanma çykaryldy.

«Tebigaty öwreniş» dersi boýunça okuw kitabynyň üçünji neşiri umumybilim berýän orta mekdeplerde rus dilinde okadylýan III synplaryň okuwçylaryna niýetlenendir. Žanna Maştakowa, Annagözel Atdaýewa, Aşyr Keşikow täze neşiriň awtorlarydyr. Kitap ozalky neşirleriň täzeden işlenen maglumatlaryny özünde jemleýär.

Üçünji synp mekdep okuwçylary tebigaty öwrenişi okap başlaýarlar, bu sapaklarda olar tebigat hakynda köp gyzykly we möhüm bilimleri alarlar. III synpyň okuw maksatnamasynyň esasy ugry biziň daş töweregimizi gurşap alýan tebigat, onuň pasyllara görä üýtgeýşidir. Şol üýtgemeler öwrenilende janly we janly däl tebigatyň arasyndaky ýönekeý özara baglanyşyklar açylýar.

Tebigaty öwreniş boýunça okuw kitaby tebigatdaky ahwalatlary, onda bolup geçýän pursatlary beýan edýän owadan suratlary özünde jemleýär. Mekdep okuwçylary pasyllaryň çalşyşyny synlamagy we tapawutlandyrmagy, baharyň, tomsuň, güýzüň, gyşyň häsiýetli alamatlaryny ýüze çykarmagy öwrenerler, ekologiýa boýunça gerekli bilimlerini alarlar.

Kitabyň tekstleri foto we surat şekilleri beýan edilýär, bu bolsa okuwçylara dünýä has gowy düşünmäge hem-de tebigatyň her bir adamyň durmuşyndaky ähmiýetine akyl ýetirmäge kömek eder.

Ýene-de bir täze neşir – rus dilinde okadylýan umumybilim berýän orta mekdepleriň VI synpy üçin «Edebiýat boýunça gollanma» kitabydyr. Ony G.Atadurdyýewa, L.Kasparowa, S.Musaýewa düzüpdirler. Gollanma okuw maksatnamasyna hem-de oňa bildirilýän talaplara laýyklykda işlenilip taýýarlanylypdyr.

Okuw gollanmasynda VI synp üçin «Edebiýat» okuw kitabyna girizilmedik eserler jemlenipdir. Ol mekdep okuwçylaryny gadymy Gresiýanyň mifleri, rus we daşary ýurt edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleri bilen tanyşdyrýar, gollanma tekstlerini we edebiýatşynaslyk adalgalarynyň gysgaça sözlügini özünde jemleýär.

Täze «Edebiýat boýunça okuw gollanma» okuwçylara eserlere seljerme bermegiň ilki başky başarnyklaryny özleşdirmäge kömek eder, ol bolsa temalary oňat kabul etmäge hem-de özleşdirmäge, okuwçylaryň gözýetimini giňeltmäge ýardam edýär.

Anastasiýa Kasýanowa