Ï «Köpetdag» Türkmenistanyň futzal boýunça Super ligasynda öňdeligi elde saklaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Köpetdag» Türkmenistanyň futzal boýunça Super ligasynda öňdeligi elde saklaýar

view-icon 5837
«Köpetdag» Türkmenistanyň futzal boýunça Super ligasynda öňdeligi elde saklaýar
camera-icon
tff.com.tm

«Köpetdagyň» futzalçylary oýunlary Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde geçen 17-nji tapgyrynyň netijelerinden soň Türkmenistanyň Super ligasynda öňdeligini elde saklady.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary bu tapgyrda milli birinjilik ýaryşynda ilkinji gezek oýnaýan «Daşoguzy» ýeňdi – 8:3.

Bu oýundan soň «Köpetdagyň» 45 utugy boldy. Ýurdumyzyň häzirki çempiony «Deňizçi» öňdebaryjydan üç utuk yzda barýar, eýsem-de ol «Gümrükçini» 5:0 hasabynda ýeňipdi. Döwlet gümrük gullugynyň topary heňizem 33 utuk bilen öňküsi ýaly, üçünji ýeri eýeleýär.

«Ahaldan» 4:2 hasabynda üstün çykan «Senagatbank» ilkinji üçlükden 1 utuk yza galýar.

Tapgyryň ýene bir oýnunda TNGIZT «Milli goşuny» 5:1 hasabynda ýeňip, 17 utuk bilen 5-nji ýerde durýan «Daşoguzdan» aralygy iki utuga çenli azaltdy.

Türkmenistanyň Super ligasynyň Mary etapyny tamamlaýan 18-nji tapgyrda aşakdaky toparlar oýnar: «Daşoguz» – TNGIZT, «Ahal» – «Milli goşun», «Deňizçi» – «Senagatbank», «Köpetdag» – «Gümrükçi».