Ï «Altyn asyr» Maryda utuklaryny gidermek bilen, çempionlyga mümkinçiligini peseldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» Maryda utuklaryny gidermek bilen, çempionlyga mümkinçiligini peseldýär

view-icon 5595
«Altyn asyr» Maryda utuklaryny gidermek bilen, çempionlyga mümkinçiligini peseldýär
camera-icon
tff.com.tm

Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň oýunçylary milli birinjiligiň 19-njy tapgyrynda «Merwi» ýeňip bilmedi, netijede «Türkmenistanyň çempiony» diýen ady elde saklamak wezipesini kynlaşdyrdy. Maryda geçen oýun deňme-deň tamamlandy – 1:1.

Oýnuň birinji ýarymy «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynyň hojaýyn artykmaçlygynda geçdi – onuň arakesmeden öň azyndan üç gezek hasap açmaga mümkinçiligi boldy. Emma ýer eýeleriniň derwezeçisi Merdan Saparow ynamly oýnady. Bir gezek bolsa Myrat Annaýewiň uran topy derwezäniň sütünine degdi.

63-nji minutda «Merw» 1:0 hasaby bilen öňe saýlandy. Orazberdi Myradow hüjümiň çep tarapyndan jerime urgusyny ýerine ýetirdi. «Altyn asyryň» derwezeçisi Batyr Babaýew topy tutmaga ýetişmedi, derwezeçini öňürtilän Alibek Abdyrahmanow bolsa ony kellesi bilen urup, derwezä gönükdirmäge başardy.

Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri goşmaça wagtyň iň soňky, bäşinji minutynda hasaby deňläp başardylar. Ahmet Ataýew jerime meýdançasyndan topy batly urdy, derwezeçi ony yzyna gaýtardy, ýöne topa ilkinji bolup ýetişen Zafar Babajanow ony tora geçirmäge ýetişdi.

Bu deňme-deň oýundan soň «Altyn asyryň» 42 utugy boldy – «Ahal» toparyndan 9 utuk az. Eýsem-de bolsa, «Ahal» bu tapgyrda «Köpetdagy» 2:0 hasabynda utmak bilen, çempionlyga mümkinçiligini artdyrypdy. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyna ýeňşi Serdar Geldiýewiň (33-nji minut) we Elman Tagaýewiň (77-nji) salan gollary getirdi.

19-njy tapgyryň başga bir oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadamy» Yhlas Magtymowyň (24-nji we 77-nji minutda) salan gollary netijesinde, öz meýdançasynda Marynyň «Energetigini» 2:0 hasabynda utdy.

Bu ýeňişden soň «Şagadamyň» 25 utugy boldy. Dördünji orny eýeleýän «Köpetdag» toparynda ondan 3 utugy köp. Ilkinji üçlügiň soňunda 30 utukly «Merw» ýerleşdi.

 Bombardirleriň bäsleşiginde, 2-si jerime urgusyndan bolmak bilen, 16 top salan Didar Durdyýew («Ahal») öňde barýar. Begenç Akmämedowyň («Köpetdag») hasabynda bolsa 15 gol (2-si jerime urgusyndan) bar. Bombardir üçlüginiň soňky hataryny 14 top (2-si jerime urgusyndan) geçiren Alibek Abdyrahmanow («Merw») eýeleýär.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyry 13-nji noýabrda «Energetik» – «Nebitçi», «Ahal» – «Merw», «Şagadam» – «Köpetdag» arasyndaky oýunlary bilen başlanyp, 14-nji noýabrda «Altyn asyr» we «Aşgabadyň» duşuşygy bilen tamamlanar.