Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynyň jemleýji tapgyry 5-nji dekabrda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde başlanýar. Mundan öňki tapgyr Daşoguzda geçdi we tomaşaçylara köp gyzykly oýunlary bilen begendirdi.

Soňky iki tapgyr – 21-nji we 22-nji tapgyrlar örän çekeleşikli boldy. Milli birinjiligiň öňdäki toparlary bolan «Köpetdag» we «Deňizçi» ýene-de ynamly ýeňiş gazandylar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň futzalçylary 21-nji tapgyrda TNGIZT-ne degişli garşydaşlaryny 10:1 hasabynda, 22-nji tapgyrda bolsa 10:2 hasabynda «Ahal» toparyny utmagy başardylar. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň topary bolsa «Ahal» we «Daşoguz» toparlaryny degişlilikde 7:0 we 4:1 hasabynda ýeňdi.
Soňky iki tapgyrda bürünç medal ugrunda göreşýän «Senagatbank» bilen «Gümrükçi» toparlarynyň her biri iki ýeňiş gazandy. «Senagatbank» nobatma-nobat «Daşoguzy» we «Milli goşuny» toparlaryndan üstün çykmagy başardy (4:3 we 4:2). Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň topary «Milli goşun» we TNGIZT-niň toparlaryny degişlilikde 4:1 we 5:0 hasabynda utmagy başardy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Superligasynda milli birinjilik ugrundaky ýaryşlaryň tamamlanmagyna 6 tapgyr galanda, 57 utuk gazanan «Köpetdag» bilen «Deňizçi» toparlary öňdeligi eýeleýär. Üçünji orny «Gümrükçiden» 2 utuk öňde barýan 44 utugy bolan «Senagatbank» topary eýeleýär.
23-nji tapgyrda öňde barýan «Köpetdagyň» we «Deňizçiniň» oýunlary uly gyzyklanma döredýär. Beýleki duşuşyklarda «Gürmrükçi» topary «Ahal» topary bilen, «Senagatbank» topary TNGIZT-iň topary bilen, «Milli goşun» topary bolsa «Daşoguz» topary bilen duşuşar.