Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň gyzykly oýunlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň gyzykly oýunlary

view-icon 6222
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň gyzykly oýunlary
camera-icon
tff.com.tm

Ýokary liganyň toparlarynyň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyry Aşgabat we Balkanabat şäherlerinde geçen iki oýun bilen başlandy.

Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» topary bürünç medala dalaşgär «Merw» topary bilen duşuşdy. «Merw» we «Aşgabat» toparalary bu oýna çenli möwsümiň dowamynda üç gezek duşuşdylar. Oýunlaryň üçüsi-de birmeňzeş, 2:1 hasap bilen «Merwiň» peýdasyna tamamlandy. 

«Merw» toparynyň oýunçylary üçin dördünji oýun-da şowly başlandy. 8-nji minutda myhmanlaryň sag hüjüm ganatyndan gelen pökgini Baýjan Satlykow ony saklajak bolup, öz derwezesine urdy. Şeýlelikde «Merw» 1:0 hasabynda öňe saýlandy.

55-nji minutda ýer eýeleriniň elinde jogap goly salmak üçin ajaýyp pursat boldy. Ýöne Merdan Muhadow myhmanlaryň jerime meýdançasynda «Aşgabadyň» hüjümçisini ýykandyklary üçin berlen jerime urgusyny dürs urup bilmedi. Bu ýagdaýda «Merwiň» derwezeçisi Merdan Saparow 11 metrlikden erkin urlan pökgini gaýtarmak bilen, ussatlygyny görkezdi.

Döwran Orazalyýewiň şägirtlerini 10 minut yzýany hasaby deňlediler – 1:1. Jogap goluny salan Şatlyk Gurbanow, derwezeçi bilen ýeke-ýekä çykyp, pursady elden bermedi.

73-nji minutda bolsa Merdan Muhadowyň 8 metrden uran pökgüsi goragça degip, «Merwiň» derwezesine girdi.

2:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Aşgabat» topary üç oýun boýunça utulman gelýän «Merw» toparyny utup, 5-nji orunda barýan Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» aratapawudyny 3 utuga çenli azaltdy.

«Nebitçi» bilen «Köpetdagyň» Balkanabatda geçiren duşuşygynda esasy wakalar oýnuň ikinji ýarymynda bolup geçdi. 71-nji minutda Yhlas Saparmämmedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparyny öňe çykardy – 1:0. 2 minutdan soň Abdymuhammet Begjanow deňligi dikeltdi – 1:1. Duşuşygyň netijesi 87-nji minudynda belli boldy, onda «Köpetdagyň» iň köp pökgi geçiren oýunçysy Begenç Akmämmedow ýene bir gol geçirmek bilen, toparyna ýeňiş getirdi – 2:1.

Häzirki milli çempionatda 18 pökgi (jerimeden – 3) öz adyna ýazan B. Akmämmedow «mergenler» bäsleşiginde 19 gol geçirip (jerime urgusyndan – 3), ikinji orunda barýan Didar Durdyýewe («Ahal») has golaý bardy. «Mergenler» sanawynyň başyny Alibek Abdyrahmanow («Merw») 20 pökgi bilen (jerime urgusyndan – 5) çekip barýar.

Bu ýeňişden soň «Köpetdag» üçünji orunda duran «Merwden» aralygyny 4 utuga çenli çenli azaltdy.

«Ahal» toparynyň 60 utuk bilen çempionatda öňde barýandygyny ýatladýarys. Häzirki çempion «Altyn asyryň» hasabynda bolsa 11 utuk az.

Türkmenistanyň çempionatynyň 24-nji tapgyry «Energetik» – «Ahal», «Altyn asyr» – «Şagadam» toparlaryň arasyndaky oýunlar bilen tamamlanar.