Ï Täze ýyl baýramçylyk sowgatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýyl baýramçylyk sowgatlary

view-icon 15324
Täze ýyl baýramçylyk sowgatlary

«Altyn asyr» harytşynaslyk merkezi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda özboluşly sowgatlaryň ençemesini halk köpçüligine hödürleýär.

Dükanyň dürli bölümlerinde ýokary hilli dokma önümleri bilen doldurylan sowgat sebetleri goýuldy. Bu baýramçylyk toplumlaryna ýetip gelýän ýylyň nyşany bilen bezelen owadan ýorgan-düşek daşlyklary, dürli matalar, şypbyklar we başga-da köp zat girýär.

Ýetip gelýän 2023-nji ýyl milli müçenamamyza görä Towşan ýyly bolar. Ol rahatlygy we maşgala eşretini gowy görýär. Şonuň üçin jaýyň içini bezeýän ýa-da hojalyk işlerinde peýdaly bolup biljek sowgatlar diňe bir ajaýyp sowgat bolman, eýsem eýelerine şowlulyk hem getirip biler.

Hojalykdaky dokma önümleri hiç haçan köp bolmaýan zatlaryň hilindendir. Şonuň üçin-de türkmen öndürijileri her önümi özboluşly etmäge synanyşypdyrlar.

Çagalar üçin ýörite «Towşanjyklar» atly dokma oýunjaklar, şeýle hem oýnawaç torbajyklar taýýarlanyldy. Süýji zatlary halaýanlary begendirmek üçin, torbajygy öz islegiňe görä süýji-kökeden dolduryp bolýar. Süýjüler gutaransoň bolsa, çagada adaty oýunjak ýaly oýnap bolýan torbajyk galar.

2022-2023 ýylyň güýz-gyş möwsüminiň modaly önümleriniň arasynda açyk reňkli örme, ýüpek we dokma ýaglykdyr we gyňaçlar bar. Daşlar, dürli nagyşlar we ýüpek seçekler bilen bezelen gyňaçlaryň dürli görnüşleri dükanyň birinji-ikinji gatynda görkezilipdir.

Mundan başga-da, satuw tekjeleriniň haryt dürlüligi «Gala», «Ýeňiş», «Bedew», «ADT» we beýleki köp sanly içerki kärhanalaryň täze önümleri bilen dolup dur.

«Altyn asyr» harytşynaslyk merkezinde hödürlenýän dokma önümleri bilen öýüňizden çykman, jikme-jik tanşyp we olary internet dükandan satyn alyp bilersiňiz. Aşgabatda we oňa ýakyn ýerlerde eltip, elin gowşurmak hyzmaty-da amala aşyrylýar.

Iş wagty: her gün 9: 00-dan 20: 00-a çenli.