Türkmenistanyň futbol milli ýygyndysy Malaýziýa ugrady, futbolçylarymyz 23-nji martda 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna taýýarlygyň çäklerinde bu ýurduň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
Ol täze bellenen baş tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda türkmen futbolçylarynyň ilkinji oýny bolar. Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň karary bilen bu 34 ýaşly hünärmen Ýazguly Hojageldiýewe derek milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi, onuň ýolbaşçylygynda türkmen futbolçylary Aziýa Kubogy-2023 ýaryşynyň finalyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyrdan geçip bilmedi.
Mergen Orazow «Ahal» klubunda üstünlik gazanandan soň şu ýyl ýurdumyzyň esasy milli ýygyndysyny kabul etdi. Geçen möwsümde onuň ýolbaşçylygynda «Ahal» ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy, dördünji gezek ýurdumyzyň Kubogyny we ikinji gezek - Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny eýeledi, özi bolsa 2022-nji ýylda Türkmenistanyň iň güýçli tälimçisi diýlip yglan edildi.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar bermeklerine görä, täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda milli ýygyndymyz 12-nji martdan 19-njy mart aralygynda Aşgabatda 27 türgeniň gatnaşmagynda ilkinji türgenleşik geçdi. Netijede, tälimçiler toparynyň çözgüdi bilen Malaýziýanyň milli ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga 24 oýunçy: derwezebanlar - Rasul Çaryýew («Altyn asyr»), Gurbanmyrat Garaýew («Şagadam»), oýunçylar - Şöhrat Söýünow, Abdy Bäşimow, Ata Geldiýew, Ybraýym Mämmedow, Ilýa Tamurkin, Resul Hojaýew, Arzuwguly Sapargulyýew, Şanazar Tirkişow, Arslanmyrat Amanow, Elman Tagaýew, Meýlis Diniýew Ahmet Ataew, Yhlas Saparmämmedow, Myrat Annaýew, Didar Durdyýew (hemmesi -« Altyn asyr»), Ýakup Maksadow, Begenç Akmämmedow (ikisem - «Kopetdag»), Mirza Beknazarow («Narva Trans») we Ruslan Mingazow («Kitçi», Gonkong) çagyryldy.
Türkmen futbolçylary Malaýziýa bardylar we şu gün oýundan öňki türgenleşik geçirdiler.
23-nji martda Johor ştatynyň 35000 orunlyk Soltan Ybraýym adyndaky stadionynda geçiriljek Malaýziýanyň we Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy bu toparlaryň arasynda ikinji oýun bolar. 2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Aziýa Kubogy-2023 ýaryşyna saýlama tapgyryň çäklerinde geçirilen duşuşykda Malaýziýanyň ýygyndy topary 3: 1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Malaýziýalylar bilen oýundan soň Türkmenistanyň milli ýygyndysy Abu Dabide (BAE) 30-njy marta çenli 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna taýýarlyk görer.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda türkmen milli ýygyndysynyň bäsdeşleri şu ýylyň ýazynda geçiriljek bijäniň netijelerinden soň belli bolar. Birinji tapgyryň oýunlary 2023-nji ýylyň güýzünde geçiriler.