Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Şarja şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda BAE-niň «United» klubuny 3:1 hasabynda utdy.
«United» FK Birleşen Arap Emirlikleriniň ikinji bölüminde çykyş edýär.
Türkmen futbolçylary şu barlag oýny bilen 2026-njy ýylda geçjek dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna taýýarlygyň birinji tapgyryny tamamladylar. Türkmenistanyň ýygyndy topary bir hepdäniň dowamynda üç sany ýoldaşlyk oýnuny geçirdi. Olaryň birinjisinde Malaýziýanyň ýygyndy toparyndan myhmançylykda 0:1 hasabynda ýeňildi, ikinjisinde bolsa Birleşen Arap Emirliklerinde bolan türgenleşik ýygnanyşygynda 20-nji tapgyrdan soň BAE-niň Pro-ligasynda 9-njy orunda duran «Haur-Fakkan» professional kluby bilen deňme-deň oýnady – 2:2.
Türkmenistanyň ýygyndy topary 2026-njy ýylda boljak dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna täze baş tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanýar. Ol «Ahal» FK-da üstünlikli işläninden soň, şu ýyl ýurdumyzyň esasy ýygyndy toparyny kabul etdi. Geçen möwsümde «Ahalyň» bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda üç milli baýrak gazanandygyny ýatladýarys: ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy, dördünji gezek ýurduň kubogyny aldy, ikinji gezek-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny aldy; çempionlaryň halypasy bolsa 2022-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda türkmen ýygyndy toparynyň bäsdeşleri şu ýazda geçiriljek bije atyşlygyň netijesinden soň belli bolar. Saýlama ýaryşyň birinji tapgyrynyň oýunlary 2023-nji ýylyň güýzünde geçiriler.