Ï Türkmen tennisçisi 14 ýaşa çenli tennisçileriň Aziýa çempionatynyň soňky tapgyrynda çykyş eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň tennisçisi 14 ýaşa çenli tennisçileriň Aziýa çempionatynyň soňky tapgyrynda çykyş eder

view-icon 6377
Türkmenistanyň tennisçisi 14 ýaşa çenli tennisçileriň Aziýa çempionatynyň soňky tapgyrynda çykyş eder

Türkmenistanyň tennisçisi Ilima Guseýnowa şu gün Bhubaneswar (Hindistan) şäherinde başlanýan 14 ýaşa çenli tennisçileriň Aziýa çempionatynyň soňky tapgyrynda ilkinji gezek oýnar. «Aşgabat» tennis akademiýasynyň okuwçysy şunuň ýaly möhüm ähmiýetli ýaryşlarda Merkezi we Günbatar Aziýa toparynyň düzüminde çykyş eder. Ol bu topara şu ýylyň ýanwar aýynda Bahreýnde geçirilen sebitleýin saýlama ýaryşynyň netijeleri boýunça alyndy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda «AA»-nyň habarçysyna aýdylyşyna görä, Ilima Guseýnowa Merkezi we Günbatar Aziýanyň saýlama çempionatynyň netijeleri boýunça ýeterlik utuk toplap, Halkara tennis federasiýasyndan (ITF) bäsleşigiň jemleýji bölüminde çykyş etmäge çakylyk aldy.

Merkezi we Günbatar Aziýanyň toparyna özbegistanly Emili Kim we Akmal Abdullaýew, şeýle hem gyrgyzystanly Deýwid Mogilýowskiý dagy-da kabul edildi.

On dört ýaşa ýetmedik türgenleriň Aziýa çempionatyna Merkezi we Günbatar Aziýanyň ýygyndy toparyndan başga-da Gazagystanyň, Indoneziýanyň, Hindistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gonkongyň, Koreýa Respublikasynyň, Kuweýtiň, Malaýziýanyň, Şri-Lankanyň, Siriýanyň, Taýlandyň, Wýetnamyň, şeýle hem Günorta, Günorta-Gündogar we Gündogar Aziýanyň toparlary gatnaşar. Türgenler ýekelikde we ikilikde çykyş ederler. 15-nji aprele çenli dowam etjek çempionat yzly-yzyna iki ýaryşdan ybarat bolar.

Halkara tennis federasiýasynyň kararyna görä, yklym çempionatynyň jemleýji tapgyrynda Merkezi we Günbatar Aziýanyň ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk etmek hem ýurdumyzyň adyndan sebitiň ähli ýurtlarynyň wekili bolmak hormatynyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we «Aşgabat» tennis akademiýasynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň paýyna düşmegi bellärliklidir. Bu, Türkmenistan tennisiniň taryhynda ägirt uly üstünlikdir, çünki Milli tennis federasiýasynyň Döwlet bedenterbiýe we sport komiteti bilen bilelikde alyp barýan sport diplomatiýasy ugrundaky üstünlikli işiniň ajaýyp mysalydyr.