Ï «Hazar - dostluk deňzi» motoýörişine gatnaşyjylar deňiz kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine we ak mermere beslenen Aşgabat şäherine baryp gördüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hazar - dostluk deňzi» motoýörişine gatnaşyjylar deňiz kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine we ak mermere beslenen Aşgabat şäherine baryp gördüler

view-icon 6136
«Hazar - dostluk deňzi» motoýörişine gatnaşyjylar deňiz kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine we ak mermere beslenen Aşgabat şäherine baryp gördüler

Türkmen-Gazagystan serhediniň gözegçilik nokadynda gümrükhana, Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň we Garabogaz şäheriniň dolandyryş edarasynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky «Hazar - dostluk deňzi» motoýörişine gatnaşyjylary garşyladylar.

Motoýörişe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda düşlediler. Türkmenbaşy şäheriniň hemmeugurly awtoulag duralgasynda motosikl hereketlendirijileri sowaýarka, syýahatçylar Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän kaşaň «Berkarar» myhmanhanasynda dynç aldylar. Şeýle hem olar deňiz kenarynda gezelenç etdiler.

Motoýörişe gatnaşyjylar az-kem dem-dynç alanlaryndan soň ýörişi dowam etdiler. Türkmenbaşydan türkmen paýtagtyna çenli aralygy geçip, ýedi motosiklden we ýöriş üpjünçiligi üçin zerur zatly tirkegli iki “Jipden” ybarat kerwen Aşgabat şäherine geldi. Bu ýerde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik duşuşyklar geçiriler.

Türkmenistan köp wagt bäri Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlyk edýär. Indi 15 ýyl bäri Russiýanyň bu sebiti bilen biziň ýurdumyzyň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyk hereket edýär. Türkmenbaşy Halkara portunyň mümkinçiligini ulanmak we Russiýanyň Olýa portuna (Astrahan oblasty) ýolagçy-ýük gatnawlaryny yzygiderli amala aşyrmak, bu portda Türkmenistanyň logistika merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar.

Motoýörişe gatnaşyjylar Aşgabatdan Eýran Yslam Respublikasyna ugrarlar. Soňra olar Azerbaýjana we ýurduň paýtagty Bakuwa baryp görerler, şol ýerde Azerbaýjanyň hem-de Astrahan oblastynyň bir günlük ýaşlar forumyna gatnaşarlar.

Ýörişe gatnaşyjylar Dagystanyň Kaspiýsk şäheriniň üsti bilen 11-nji aprelde Astrahandaky pellehana bararlar.

«Hazar ̶ dostluk deňzi» motoýörişi 1-nji aprelde Astrahanda başlanypdy. Şu ýoldan ýöriş ilkinji gezek geçirilýär. Ýörişe gatnaşyjylar ilki Gazagystanyň Atyrau şäherine bardylar. Olar 11 günde Hazar deňziniň kenaryndaky bäş döwletiň çäginden 5000 kilometr ýol geçerler.

Motoýörişi Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegi we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär.