Türkmenistanyň futbol boýunça 31-nji çempionaty paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparynyň Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» 2:1 hasabynda üstün çykmagy bilen başlandy. Köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen duşuşyga iki müňden gowrak futbol söýüjiler tomaşa etdiler.
28-nji futbol möwsüminde eminlik edip başlan 45 ýaşly emin Çarymyrat Gurbanow toparlaryň 2023-nji ýyldaky milli çempionatyň ilkinji oýnunyň baş emini boldy.
2023-nji ýylyň çempionatynyň ilkinji pökgüsi oýnuň birinji ýarymynda tora girizildi. Ony 25-nji minutynda Ýazglyç Gurbanow öz adyna ýazmaga başardy. Öwezbaý Muhammetmyradowyň meýdançanyň çep gyrasyndan derwezäniň öňüne geçiren topuny Gurbanow ussatlyk bilen tora gönükdirdi.

Duşuşygyň 66-njy minutynda Baýram Ataýew jerime meýdançasyndan dürs urgy bilen hasaby deňledi - 1:1.
Soňra «Şagadamyň» hüjümçisi Yhlas Magtymow öz toparyny öňe çykarmak mümkinçiligini elden giderdi. Ol derwezeban bilen ýüzbe-ýüz çyksa-da, pökgüni dürs derwezä gönükdirip bilmedi.
Oýnyň 80-nji minutynda jerime meýdançasynda Paýhas Hydyrowy ýykandyklary üçin bellenilen on bir metrlik jerime urgusyny ýerine ýetiren Şiri Annaýewiň derwezeban saklap bilmedi.
Tofik Şükürowyň ýolbaşçylygynda tälim alýan futbolçylar oýnuň ahyryna çenli hasaby saklap, ilkinji üç utuk gazanmaga başardylar.
«Köpetdag» indi 18-nji aprelde Marynyň «Energetigi», «Şagadam» bolsa şol gün Balkanabatda «Nebitçi» bilen duşuşygy geçirer.

Türkmenistanyň 2023-nji ýyldaky çempionatynyň birinji tapgyrynda 15-nji aprelde «Altyn asyr» – «Nebiçi», «Merw» – «Aşgabat» we «Ahal» – «Energetik» toparlaryň oýunlary boldy.
Milli çempionatyň medallary ugrunda bäsleşýän dokuz topar geçen ýyl bilen deňeşdirilende, öz aralarynda dört aýlawda däl-de, üç aýlawda duşuşarlar. Üç topar – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» paýtagtymyza, Balkanabatdan «Nebitçi» we Türkmenbaşydan «Şagadam» Balkan welaýatyna, «Merw» hem-de «Energetik» Mary welaýatyna, «Ahal» Ahal welaýatyna we çempionata ilkinji gezek gatnaşýan «Arkadag» topary hem döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýärler.
«Arkadag» topary ilkinji oýnunda 18-nji aprelde öz meýdançasynda «Merwi» kabul eder.
Noýabr aýynda tamamlanýan çempionatyň jemi boýunça Türkmenistanyň iň gowy topary 2024-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçasynda çykyş etmäge, Türkmenistanyň 2023-njy ýyldaky Kubogynyň eýesi we kümüş medalyny eýelän topar Aziýanyň klublar ýaryşynda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli AFK-nyň Kubogy-2024 ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Eger-de şol bir topar çempion bolsa we Türkmenistanyň Kubogyny eýelese, onda wise-çempiondan başga-da, milli çempionatyň bürünç medalyna mynasyp bolan topar AFK-nyň Kubogy-2024-de ýurdumyza wekilçilik etmäge hukuk gazanar.
Geçen ýylky çempionatyň jemi boýunça «Ahal» ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy, kümüş medaly «Altyn asyr», bürünç medaly «Merw» eýeledi.