Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 2023-nji ýyldaky çempionatynyň birinji tapgyry Aşgabatda we Maryda geçirilen üç oýun bilen jemlendi.
Geçen ýylky çempionatda bürünç medal eýelän «Merw» öz meýdançasynda «Aşgabady» kabul etdi. Duşuşyk dartgynly geçdi, muňa emin Babanazar Haknazarowyň oýunçylara görkezen ýedi sany sary kartoçkasy hem şaýatlyk edýär. Olardan üçüsi meýdança eýelerine, dördüsi bolsa myhman toparyň oýunçylaryna berildi.
Duşuşygyň ykbalyny «Aşgabadyň» goragçysy Söhbet Allanurowyň 49-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan tora girizen ýeke-täk pökgüsi çözdi. Bir ýyl mundan ozal bu futbolçy «Merwiň» düzüminde oýnap, geçen ýylky milli çempionatyň 10-njy tapgyrynyň myhmançylykdaky oýnunda «Aşgabadyň» derwezesine ýeňiş pökgüsini salypdy. Bu gezek bolsa, Söhbet öňki toparynyň derwezesine top geçirip, 2023-nji ýylyň ýaňy başlan çempionatynda «Aşgabada» ilkinji ýeňiş getirdi.
Türkmenistanyň häzirki çempiony «Ahal» hem täze möwsümde paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda Marynyň «Energetigini» 1:0 hasabynda utdy. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyna oýnuň 80-nji minutynda Muhammet Esenowyň takyk urgusy ýeňiş getirdi.
Türkmenistanyň wise-çempiony «Altyn Asyr» paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky stadionynda Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen 0:0 hasabynda deň oýnap, ilkinji utuklary elden gidirdiler.
Netijede birinji tapgyrdan soň üç utuk toplan «Köpetdag», «Ahal» we «Aşgabat» öňde barýarlar. «Arkadag» topary ilkinji oýnunda 18-nji aprelde Aşgabatda «Merw» bilen güýç synanşar. Şol gün, ikinji tapgyryň çäklerinde «Nebitçi» – «Şagadam» we «Energetik» – «Köpetdag» duşuşyklary geçiriler.