«Arkadag» futbol toparynyň oýunçylary Türkmenistanyň Kubogy ugrunda deslapky tapgyryň ilkinji oýnunda Marynyň «Energetiki» 4:0 hasabynda ýeňmäne başardylar.
Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirilen bu oýun bilen milli toparlaryň arasynda ähmiýeti boýunýa ikinji derejeli ýaryşyň 32-nji möwsümi başlandy. Şu ýyl baýrak ugrunda dokuz topar göreşýär. Olaryň üçüsi – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» paýtagtymyza, Balkanabatdan «Nebitçi» we Türkmenbaşydan «Şagadam» – Balkan welaýatyna, «Merw» we «Energetik» – Mary welaýatyna, «Ahal» – Ahal welaýatyna we ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan «Arkadag» döwlet ähmiýeti adybir şähere wekilçilik edýärler.
39-njy minutda pökgi «Energetigiň» jerime meýdançasyna Didar Durdyýewe geçirildi, olam topy kellesi bilen urup, derwezä gönükdirdi. Alty minutdan soň Güýçmyrat Annagulyýew derwezäniň dört metr öňünden topy dürs depip, hasaby 2:0 ýetirdi.
Oýnuň ikinji ýarymynda «Arkadagyň» oýunçylary garşydaşlarynyň derwezesine ýene iki pökgi geçirdiler. 70-nji minutda Şanazar Tirkişow derwezeban bilen bire-bir çykyp, pursatdan peýdalansa, oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna iki minut galanda Begmyrat Baýow hasaby 4-0 etdi.
Uly hasap bilen ýeňiş gazanan «Arkadag» ikinji maýda Maryda geçiriljek jogap oýundan öň çärýek finala çykmaga ädim ätdi. Olaryň duşuşygynyň ýeňijisi çärýek finalda «Köpetdag» bilen duşuşar.
Beýleki çärýek final oýunlarynda «Merw» – «Aşgabat», «Ahal» – «Şagadam» we «Altyn asyr» – «Nebitçi» duşuşarlar.
Türkmenistan Kubogy-2023-iň çärýek final oýunlary 9-njy we 20-nji maýda, ýarym final oýunlary 27-nji maýda we 2-nji iýunda geçiriler. Final duşuşygyň senesi we geçiriljek ýeri soňrak yglan ediler.
Türkmenistan Kubogynyň häzirki eýesiniň geçen ýylky finalda Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» 5:0 hasabynda ýeňen «Ahal» toparydygyny ýatladýarys.