Ï Türkmenistanly hokkeýçiler 2023-nji ýylda GAR-da geçirilen dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda kümüş medal eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly hokkeýçiler 2023-nji ýylda GAR-da geçirilen dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda kümüş medal eýelediler

view-icon 4207
Türkmenistanly hokkeýçiler 2023-nji ýylda GAR-da geçirilen dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda kümüş medal eýelediler

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri Günorta Afrika Respublikasynda geçirilen dünýä çempionatynda «A» toparçanyň üçünji diwizionynda kümüş medal eýelediler.

Keýptaun şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň baýraklary ugrunda bir aýlawly ýaryşda bäş topar – Lýuksemburgyň, Tailandyň, Taýwanyň, Türkmenistanyň we GAR-yň ýygyndylary bäsleşdiler.

Medallaryň eýeleri ýaryşyň jemleýji güni kesgitlenildi.

Dünýä çempionatlarynda üçünji gezek duşuşýan Türkmenistanyň we Taýwanyň toparlary buz meýdançasyna ilkinji bolup çykdylar. Dört ýyl mundan ozal Sofiýada (Bolgariýa) geçirilen dünýä çempionatynda taýwanlylar goşmaça wagtda 5:4 hasabynda ýeňiş gazandylar. Geçen ýyl Lýuksemburgda geçirilen dünýä çempionatynda bolsa türkmen topary – 4:2 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.

2023-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda Taýwanyň topary hüjümde erjel we goragda berk oýnady. Taýwanlylar Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri bilen duşuşmazdan öň Tailandyň milli ýygyndysynyň hokkeýçiler toparyny – 11:2, GAR-yň toparyny – 6:1 we lýuksemburglylary – 10:0 hasabynda utup, üç oýunda jemi 27 şaýba geçirip, öz derwezesine bary-ýogy 3 şaýba goýberdiler.

Duşuşygyň ýarysyndan gowragynda türkmenistanly hokkeýçiler garşydaşynyň hüjümlerinden başarnykly gorandylar. Şol bir wagtyň özünde ildeşlerimiz garşydaşynyň goragyny yza gaýtarmaga synanyşdylar, ýöne Taýwanyň milli ýygyndysynyň goragçylary we derwezebany ynamly oýnadylar. 33-nji minuda çenli hasap 0:0-dy. Ýöne ildeşlerimiz nobatdaky hüjümde Kuan-Tin Çeni gözden saldylar we ol derwezeban bilen ýüzbe-ýüz çykyp, hasaby açdy. Şondan 33 sekunt soň Taýwanyň toparyndan üç hüjümçi iki goragçymyzyň garşysyna çykdy we Peý-An Wen hasaby artdyrdy.

Soňky döwürde garşydaşlar bir-biregiň derwezesine şaýba geçirdiler. 52-nji minutda şaýba Çan-Sin Yanyň konkisine degip Rahman Myradowyň derwezesine girse-de, eminler ony gol hasapladylar. Oýnuň gutarmagyna 3,9 sekunt galanda Türkmenistanyň toparyndan duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen goragçy Amangeldi Aganyýazow Begenç Döwletmyradowyň beren şaýbasyny dürs urup, hasaby 1: 3 etdi.

Keýptaunda geçirilen dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyrynyň beýleki bir oýnunda GAR-yň topary Lýuksemburgyň ýygyndysyny 4:0 hasabynda utandan soň medal eýelänler belli boldy.

12 utuk toplan Taýwanyň topary birinji orny eýeläp, geljek ýyl dünýä çempionatynyň «B» toparçasynyň ikinji diwizionynda çykyş etmäge hukuk gazandy. 2023-nji ýylda Stambulda geçirilen dünýä çempionatynyň jemi boýunça «B» toparçasynyň ikinji diwizionynda Bolgariýanyň milli ýygyndysyndan – 2:4, Türkiýeden – 0:5, Belgiýadan – 2:11, Täze Zelandiýadan – 2:7 we BAE-den – 4:9 hasabynda utulan Meksikanyň ýygyndysy 2024-nji ýylda «A» toparçanyň üçünji diwizionynda taýwanlylaryň ornuna geler.

Keýptaunda geçirilen 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynda üç topar – Türkmenistan, GAR we Tailand 6 utuk toplady. Geçirilen we goýberilen gollaryň tapawudy netijesinde ildeşlerimiz garşydaşlaryndan has ýokary netije gazandylar. GAR-yň ýygyndysy baýrakly üçünji orna mynasyp boldy.

Lýuksemburgyň topary soňky orna düşenligi sebäpli indiki ýyl «B» toparçasynyň has gowşak üçünji diwizionynda oýnar. 2024-nji ýylda «A» toparçanyň üçünji diwizionynda Lýuksemburg toparynyň ornuna geçen aý Saraýewoda tamamlanan 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynda Bosniýa we Gersegowinadan, Gonkongdan, Eýrandan, Malaýziýadan we Singapurdan garşydaşlaryndan üstün çykyp, ýeňiji bolan Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy çykyş eder.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda Türkmenistanyň hokkeýçileri Ýewropa, Aziýa we Afrika wekilçilik eden 5 toparyň arasynda «A» toparçanyň üçünji diwizionynda ikinji orny eýeländigi üçin kümüş medallar we ýadygärlik baýraklar bilen sylaglandylar.

Bolgariýada we Lýuksemburgda geçirilen soňky iki dünýä çempionatynda türkmen türgenlerine bürünç medallaryň gowşurylandygyny ýatladýarys. Indi hokkeý toparymyz bir basgançak ýokary galdy. Topary bu üstünlige baş tälimçi Baýram Allaýarow ýetirdi, onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2017-nji ýylda Sapporoda (Ýaponiýa) geçirilen VIII Aziýa gyşky oýunlarynyň ikinji diwizion ýaryşynda kiçi altyn medal eýeläpdi we 2018-nji ýylda Saraýewoda (Bosniýa we Gersegowina) dört toparyň gatnaşmagynda geçirilen dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda ýeňiji bolupdy.

GAR-da geçirilen dünýä çempionatynda 20 hokkeýçi Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda çykyş edip, olaryň 18-si Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparynyň we 2-si Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» toparynyň oýunçylarydy.

 «AA»-nyň habarçysy