Ï Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy Daşoguzdan Aşgabada geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy Daşoguzdan Aşgabada geçirildi

view-icon 4139
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy Daşoguzdan Aşgabada geçirildi

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy liga - 2023 ýaryşy Daşoguzdan Aşgabada geçirildi.

Futzal toparlarynyň sekizisi ýurdumyzyň çempiony adyny almak ugrunda göreşýärler. Olaryň bäşisi - «Köpetdag», «Gümrükçi», «Senagatbank», «Migrasiýa» we «Milli goşun» - Aşgabada, ikisi - «Deňizçi» we TNGIZT - Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine hem-de «Turan» - Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýärler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň topary bassyr ikinji ýyl futzal boýunça Super ligada çykyş edýär. Geçen ýyl bu welaýatyň topary «Daşoguz» ady bilen çykyş eden bolsa, häzirki möwsümde adyny «Turan» diýip üýtgetdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň aýtmagyna görä, milli çempionata gatnaşyjylar paýtagtymyzda dört tapgyr oýun oýnarlar.

Ilkinji üç tapgyr Daşoguzyň «Garaşsyzlyk» stadionynyň sport zalynda geçirildi. Soňky üçünji tapgyrda «Gümrükçi» «Migrasiýadan» 2:1 hasabynda üstün çykdy we «Köpetdag» «Turany» - 5:2 hasabynda ýeňdi. «Denizçi» «Senagatbankdan» 3:1 hasabynda rüstem geldi, TNGIZT – «Milli goşuny» - 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Çempionatyň Aşgabat tapgyry bilen başlanýan dördünji tapgyrdan öň «Gümrükçi» we «Köpetdag» 9 utuk bilen öňde barýarlar. Türkmenistanyň häzirki çempiony «Deňizçi» we geçen ýylky milli çempionatda bürünç medal gazanan «Senagatbank» ýaryşyň öňde barýan toparlarydan 3 utuk az topladylar. TNGIZT-iň 4, «Turanyň» 1 utugy bar. Entek utuk gazanmadyk «Migrasiýa» we «Milli goşun» ýaryşda soňky orunlarda barýarlar.

Dördünji tapgyrda «Deňizçi» - «Gümrükçi», «Köpetdag» - «Senagatbank» bilen oýnarlar. Tapgyryň beýleki oýunlarynda «Turan» - «Milli goşun» we «Migrasiýa» - TNGIZT duşuşarlar.