Şu günki bijä laýyklykda, 10-20-jni iýun aralygynda Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýasynyň gatnaşmagynda geçirilýän CAFA Nations Cup 2023 ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy «A» toparda Özbegistan respublikasynyň, Täjigistanyň respublikasynyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşar.
«A» topardaky oýunlar Özbekistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.
Eýran Islam Respublikasynyň, Gyrgyzstan Respublikasynyň we Owganystanyň toparlaryndan ybarat bolan «B» toparyň duşuşyklary Gyrgyzstanyň Bişkek şäherinde bolup geçer.
CAFA Nations Cup 2023-iň düzgünlerine laýyklykda ýaryşyň birinji tapgyrynda oýunlar bir tapgyrda geçiriler.
Toparyň ýeňijileri ýaryşyň ahyrynda baş baýrak ugrunda bäsleşerler.
Ikinji orny eýelän toparlar ýaryşyň bürünç baýragyny öz aralarynda boljak bäsleşikde kesgitlärler.
Bu geçiriljek CAFA Nations Cup 2023 ýaryşy Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin 2026-njy ýylda boljak dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna gowy taýýarlyk bolar.