Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi ̶ marafon ýaryşy geçirildi.


At çapyşyga gatnaşyjylary goldamak üçin ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.


Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke atlaryna bagyşlanan baýramçylygyň däbe öwrülen ajaýyp ýaryş başlamazdan ozal estrada, tans toparlarynyň we belli aýdymçylarymyzyň çykyşlary toý gününe özboluşly öwüşgin çaýdy.
Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, hersinde 30 kilometr aralyk geçmeli.


Bäsleşige Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň atlary gatnaşdylar.
Köpetdagyň eteginden başlap, at çapyşygyna gatnaşyjylar atlaryň beden taýdan sagdynlygyny we ýeňiş gazanmak üçin ajaýyp erkini görkezip, birinji basgançagy gysga wagtda geçdiler.


Ikinji tapgyra taýýarlygyň dowamynda, atlar weterinar lukmanlaryň barlagyndan geçdiler. Şondan soň olar ýollaryny dowam etdirdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli atlar ýaryşda öňe saýlandylar.
Eminler toparynyň gelen gutarnykly netijesine laýyklykda, uzakçyllygy, çydamlylygy, gaýratlylygy bilen pellehana ilkinji gelen, birinji belgide ýaryşa goşulan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Gaýduw diýen gara at ýeňiji diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri ähli aralygy geçmegiň iň gowy wagt görkezijisi we weterinar lukmanlaryň barlagynyň netijesi boýunça kesgitlendi.

Ýeňiji bedewleriň toý serpaýy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän güni gowşurylar.