Ï Ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň futzal çempionatynyň Aşgabat tapgyry başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň futzal çempionatynyň Aşgabat tapgyry başlandy

view-icon 4654
Ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň futzal çempionatynyň Aşgabat tapgyry başlandy

Türkmenistanyň futzal boýunça Super ligasy ýaryşynyň Aşgabat tapgyry dördünji aýlawynyň oýunlary bilen başlandy. Oýunlar paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sport zalynda geçirilýär.

Tapgyryň esasy oýnunda Türkmenistanyň çempiony adyny üç gezek eýelän topar «Deňizçi» bilen häzirki milli çempionatyň öňde barýan toparlarynyň biri «Gümrükçi» duşuşdy. Üç tapgyrdan soň Döwlet gümrük gullugynyň topary «Gümrükçi» «Deňizçiden» 3 utuk artyk toplap, «Köpetdag» bilen birlikde ýaryşda öňde barýardy.

Oýnuň ilkinji minutlaryndan «Deňizçiniň» futzalçylary garşydaşyny öz meýdançasyna gysdylar we Maksat Soltanow bilen Kirill Çaryýewiň takyk urgularyndan soň tiz wagtdan 2:0 hasabynda öňe saýlandylar. «Gümrükçi-de» ruhdan düşmedi we hasaby deňledi – 2:2. Şondan soň Maksat Soltanow ýene-de «Gümrükçiniň» derwezesine bir pökgi girizdi, netijede toparlar «Deňizçiniň» peýdasyna 3:2 hasabynda arakesmä gitdiler.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda garşydaşlar oýnuň depginini güýçlendirdiler: ilki hasap deňlendi – 3:3, soň Alişer Hudaýbergenow «Deňizçini» öňe çykardy – 4:3, ýöne tiz wagtdan «Gümrükçi» ýene-de hasaby deňlemegi başardy – 4:4.

Soňra welin diňe Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» toparynyň oýunçylary gol geçirdiler. Ilki bilen Maksat Soltanow duşuşykdaky üçünji pökgüsini tora girizip, hasaby – 5:4 etdi. Soňky minutlarda «Gümrükçi» derwezebana derek bäşinji oýunçysyny meýdança çykaranda, Şiri Baýramdurdyýew öz meýdançasyndan topy boş derwezä dürs depip, oýnuň ahyrky netijesini kesgitledi – 6:4.

«Gümrükçini» ilkinji ýeňlişe sezewar eden Ýakup Öwezowyň şägirtleri indi 9 utuk toplap, şahsy duşuşykdaky ýeňşi üçin Döwlet gümrük gullugynyň toparyny üçünji orna geçirdiler.

Dördünji tapgyrdan soň «Senagatbanky» - 2:0 hasabynda utan «Köpetdag» 12 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Bu oýunda pökgileriň ikisi-de duşuşygyň ikinji ýarymynda geçirildi. Gurbannyýaz Sähedow burçdan oýna girizilen pökgüni dürs urup hasaby açdy. Ikinji pökgi «Senagatbank» derwezebanyny bäşinji oýunça çalşandan soň boş derwezä girdi.

Bu ýeňlişden soň «Senagatbank» TNGIZT-niň toparyndan 2 utuk köp toplap, 6 utuk bilen dördünji orunda galdy.

«Migrasiýa» TNGIZT-ni 1:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň futzal boýunça 2023-nji ýyldaky Super ligasy ýaryşynda ilkinji ýeňşini gazandy.

Birinji aýlawyň soňuna çenli toparlar ýene üç tapgyr oýnarlar. Indiki, bäşinji tapgyrda duşuşjak toparlar «Gümrükçi» bilen «Köpetdagyň» oýny uly gyzyklanma döredýär. Beýleki oýunlarda «Senagatbank» - «Turan», TNGIZT - «Denizçi» we «Milli goşun» - «Migrasiýa» duşuşarlar.