Ï «Arkadag» «Köpetdag» toparyny ilkinji ýeňlişe sezewar etdi, «Nebitçi» öňe saýlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» «Köpetdag» toparyny ilkinji ýeňlişe sezewar etdi, «Nebitçi» öňe saýlandy

view-icon 4419
«Arkadag» «Köpetdag» toparyny ilkinji ýeňlişe sezewar etdi, «Nebitçi» öňe saýlandy

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda lider üýtgedi. Üçünji tapgyrdan soň Balkanabadyň «Nebitçisi» 7 utuk bilen birinji orna çykdy. Ol «Nebitçi» «Aşgabady» - 3:1 hasabynda utup, bassyr iki ýeňiş gazanandan, öňdeligi eýeleýän «Köpetdag» bolsa öz meýdançasyna «Arkadagdan» 0:4 hasabynda ilkinji ýeňlişe sezewar bolandan soň şeýle ýagdaý emele geldi.

«Nusaý» stadionynda geçen «Aşgabat» bilen «Nebitçiniň» duşuşygynyň ykbaly oýnuň birinji ýarymynda meýdança eýeleri Daýanç Orazgulýewiň (3-nji minutda 11 metrlik jerime yrgusyndan) we Akmämmet Metdäýewiň (19-njy minutda) geçiren iki pökgüsine Bäşim Gurbanberdiýew (44-nji minutda) dürs urgusy bilen jogap berende çözüldi. Arakesmeden soň Akmämmet Metdäýew 77-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby 3:1-e ýetirenden soň ol «Nebitçiniň» haýryna tamamlandy.

«Köpetdag» bilen «Arkadagyň» duşuşygy köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirildi. Milli çempionatda ilkinji gezek çykyş edýän türkmen paýtagtyndan 30 km uzaklykda gurulýan adybir şäheriň toparynyň rüstemligi birinji ýarymda Arzuwguly Sapargulyýew (35-nji minutda) we Didar Durdyýew (45-nji minutda ) jogapsyz iki pökgi geçirende aýan bolldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň derwezesine arakesmeden soň Resul Hojaýew (65-nji) we Orazberdi Myradow (78-nji) minutlarda takyk urgulary bilen ýene iki pökgi geçirdiler.

Bassyr iki ýeňiş gazanan «Arkadag» 6 utuk bilen ikinji orna geçdi. Üçünji orna düşen «Köpetdagyň» hem şonça utugy bar.

Bu tapgyrda oýnamadyk wise-çempion «Altyn asyr» iki oýunda 4 utuk toplap, 4-nji ýerde barýar.

«Aşgabat», «Energetik», «Merw» we «Ahal» toparlarynyň hersiniň 3 utugy bar. Marynyň «Energetigi» bu tapgyrda Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadamy» 1: 0 hasabynda utup, çempionatda ilkinji ýeňşini gazandy. Myhmanlar 5-nji minutda ýeke-täk pökgi geçirdiler – ony Arslan Ýollyýew derwezä saldy. Iki topar hem 67-nji minutda Farid Kamaletdinow («Energetik») we Baýram Ataew («Şagadam») 81-nji minutda 2-nji sary kartoçka alandan soň oýny azlykda tamamladylar.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Ahal» welin bassyr ikinji gezek utuldy, ol bu gezek 1: 2 hasabynda «Merwden» asgyn geldi. Duşuşygyň 12-nji minutynda geçen möwsümde «Merwiň» hatarynda iň köp pökgi geçiren Alibek Abdurahmanow hasaby açdy. 32-nji minutda Amir Gurbani hasaby deňledi - 1: 1. Oýnuň esasy wagtyna goşmaça 3-nji minutda Zafar Babajanow «Ahalyň» derwezesine ikinji pökgini geçirdi we toparyna 2: 1 hasabynda ýeňiş getirdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň indiki, 4-nji tapgyrynda «Altyn asyr» – «Merw», «Ahal» – «Köpetdag», «Energetik» – «Aşgabat» we «Arkadag» – «Şagadam» bilen oýnar.