Ï «Köpetdag» ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Köpetdag» ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeleýär

view-icon 4941
«Köpetdag» ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeleýär

«Köpetdagyň» futzalçylary 5-nji tapgyryň netijesi boýunça Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sport zalynda geçirilen 5-nji tapgyrdan soň Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda öňdeligini sakladylar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary bu tapgyrda Döwlet gümrük gullugynyň «Gümrükçi» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykdy.

Şu oýundan soň «Köpetdag» 15 utuk gazandy. Ýurdumyzyň häzirki çempiony, TNGIZT-yň toparyny 3:0 hasabynda ýeňen «Deňizçiniň» üç utugy az. Ýeňijilerden Maksat Soltanow iki goly, Akmyrat Durdyýew bolsa uzak aralykdan topy dürs depip, öz atlaryna ýazmana başardylar. 

Daşoguzyň «Turanyny» 6:1 hasabynda utan «Senagatbank» hem-de «Gümrükçi» 9 utuk bilen degişlilikde 3-nji we 4-nji orny eýeleýärler. 

Indiki, 6-njy tapgyrda «Senagatbank» bilen «Gümrükçi», milli çempionatynyň lideri «Köpetdag» – TNGIZT, Türkmenistanyň üç gezek çempiony «Deňizçi» – «Milli goşun», «Turan» – «Migrasiýa» duşuşarlar.