Ï Türkmenistana FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino sapar bilen geler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistana FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino sapar bilen geler

view-icon 5196
Türkmenistana FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino sapar bilen geler

Futbol assosiasiýalary halkara federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistana sapary bilen geler.

Bir günlük saparyň dowamynda FIFA-nyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň we milli futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanda «Millionlaryň oýny» ösüşi hem-de mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşar.

Sporty, esasanam futboly ösdürmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde döwrebap sport mekdepleri, halkara ölçeglerine laýyk gelýän stadionlar, şeýle hem sport toplumlary we meýdançalary guruldy, olarda müňlerçe adam sport bilen meşgullanýar. Şonuň üçinem FIFA-nyň Prezidentiniň ýakyn wagtda ýurdumyza boljak sapary iri halkara futbol guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikler döreder diýip ynamly aýtsa bolar, bu bolsa Türkmenistanda sportuň dünýäde iň meşhur görnüşiniň ösmegine güýçli itergi berer.