Ï Türkmenistanyň karate ýygyndysy Ermenistanda geçirilen «Ararat-kubogy 2023» atly halkara ýaryşynda 22 medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň karate ýygyndysy Ermenistanda geçirilen «Ararat-kubogy 2023» atly halkara ýaryşynda 22 medal gazandy

view-icon 5892
Türkmenistanyň karate ýygyndysy Ermenistanda geçirilen «Ararat-kubogy 2023» atly halkara ýaryşynda 22 medal gazandy

Ýerewan şäherinde tamamlanan «Ararat-kubogy 2023» adaty karate boýunça geçirilen halkara ýaryşynda Türkmenistanyň türgenleri 22 medal gazandylar.

Bäsleşige Ermenistan, Gruziýa, Ysraýyl, Italiýa, Kipr, Russiýa we Türkmenistandan gelen türgenler gatnaşdylar, olar dürli ýaş derejelerinde aýratyn we toparlaýyn ýaryşlarda baýrak almak üçin bäsleşdiler. 

Bu ýaryşyň ähli görnüşleriniň netijelerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 10 altyn, 4 kümüş we 8 bürünç medallary eýelediler.

Karate ussatlarymyzyň gazananlary ýaryşlarda ünsden düşürilmedi.

– Türkmenistanyň milli ýygyndysy örän güýçli topar, şunuň ýaly mynasyp garşydaşlary biz köp wagt bäri görmedik. Biz olary «Dünýä kubogy-2024» ýaryşyna çagyrdyk – diýip, Russiýa Federasiýasynyň Iwanowa welaýatynyň baş tälimçisi Rudolf Grigorýan «Ararat kubogy 2023» atly halkara ýaryşynda türkmen türgenleriniň çykyşlary barada teswirledi.