«Arkadag» toparynyň futbolçylary deslapky tapgyryň iki oýnunyň jemi boýunça Marynyň «Energetik» toparyndan üstün çykyp, Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň çärýek finalyna çykdylar.
Aşgabatda geçirilen birinji oýunda «Arkadag» 4:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Jogap oýny Marynyň «Energetik» stadionynda geçdi.
Ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin meýdança eýeleri bäş pökgi tapawudy bilen ýeňiş gazanmalydylar, ýöne bu wezipe olara başartmady. Galyberse-de, türkmen paýtagtyndan 30 km uzaklykda gurulýan döwlet ähmiýetli adybir şäheriň topary goranyp oňaýmady, ol oýnuň birinji ýarymynda – 20-nji minutda Mekan Saparowyň dürs urgusy bilen hasaby açdy.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Arkadag» topary garşydaşynyň derwezesine ýene üç pökgi geçirdi. 82-nji minutda Begenç Akmämmedow bir, soňra Didar Durdyýew iki (84-nji we 90-njy minutlar) pökgi saldylar.
«Energetigi» ikinji gezek, ýene-de 4:0 hasabynda utan «Arkadagyň» futbolçylary Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň çärýek finalyna çykdylar, indi olar Aşgabadyň «Kopetdagy» bilen duşuşarlar.
Beýleki çärýek final oýunlarynda: «Merw» – «Aşgabat», «Ahal» – «Şagadam» we «Altyn asyr» – «Nebitçi» duşuşarlar.
Türkmenistanyň Kubogy ugrunda 2023-nji ýyldaky ýaryşyň 1/4 final oýunlary 9-njy we 20-nji maýda geçiriler.
Ýarym final oýunlary 27-nji maýda we 2-nji iýunda geçiriler. Jemleýji duşuşygyň senesi we geçiriljek ýeri soň yglan ediler.
Geçen ýylky finalda Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» 5:0 hasabynda utan «Ahalyň» Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesidigini ýatladýarys.