Futbol assosiasiýalary halkara federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino žurnalistlere Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäklerinde Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparyndan galan täsirler barada aýdanda: «Türkmenistana gelenime diýseň begenýärin» – diýdi.
Ol Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp görenden soň gysgaça interwýu berdi, FIFA-nyň baştutany bu ýerde meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna haýran galyp tomaşa etdi.
Infantino: «Türkmenistan meni haýran galdyrýar. Men ahalteke bedewleriniň hakyky gözelligini gördüm, jigitleriň çykyşlary-da meni haýrana goýdy. Munuň ýaly pursatlar ömrüňde diňe bir gezek bolýar. Ýurduňyza gelenime we atçylyk sporty merkezinde ahal-teke bedewleriniň gözelligini öz gözüm bilen görenime diýseň begenýärin» – diýdi.
211 milli assosiasiýalary birleşdirýän iň uly halkara futbol guramasynyň baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň simwoly owadan atlar hakynda eseriniň sowgat berilmeginiň özi üçin abraýdygyny belledi.
Kitap «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýlip atlandyrylýar, men munuň şeýledigine göz ýetirdim. Indi şeýle atlara eýe bolmagyň nähili bagtdygyna düşündim! Bu kitap diňe bir atşynaslara däl, eýsem ony eline alan her bir adamda uly gyzyklanma döredýär diýip pikir edýärin. Onda türkmen atlarynyň suratlarynyň ençemesi ýerleşdirilipdir, kitapda bedewler hakynda peýdaly köp maglumat bar.
«Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkyna, hususan-da, ýaş nesliň wekillerine futbolda ösüşlerinde uly üstünlikler, şahsy durmuşynda gowulyklary, bagt arzuw edýärin. Goý, atdyr futbol hemişe bagtyň nyşany bolsun!» – diýip, FIFA-nyň Prezidenti söhbetdeşligiň ahyrynda nygtady.