Ï Arkadag şäherinde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezi gurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezi gurlar

view-icon 5078
Arkadag şäherinde FIFA-nyň  Okuw-usulyýet merkezi gurlar

Türkmeniň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda gurulýan Arkadag şäherinde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezi gurlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Futbol assosiasiýalary halkara federasiýasynyň (FIFA) baştutany Janni Infantino bilen geçirilen duşuşygynda bu barada ylalaşyk gazanyldy. Hatarynda milli assosiýaslaryň 211-sini birleşdirýän iň uly halkara futbol guramasynyň baştutany Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäklerinde Türkmenistanda bir günlük saparda boldy.

Söhbetdeşlikde döwlet Baştutanymyz myhmana häzirki zaman sport desgaly döwlet ähmiýetli şäheriň gurluşygy barada habar berdi. Gurluşygy üstünlikli alnyp barylýan häzirki zaman binagärliginiň we şäher gurluşygynyň iň ýokary ölçeglerine laýyklykda işlenilip taýýarlanan bu ummasyz taslama «akylly şäher» ýörelgesine kybap geler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow FIFA-nyň baştutanyna milli çempionatda üstünlikli bäsleşýän adybir «Arkadag» futbol toparynyň döredilendigi we täze şäherde futbol merkezini gurmak kararyna gelnendigi barada gürrüň berdi.

Janni Infantino bu ýeriň ajaýyp tebigy şertleriniň bardygyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine jogapkärli çemeleşilýändigini, munuň futbol bilen meşgullanmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, geljekde bu ýerde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.