Ï «Köpetdag» bilen «Altyn asyr» deňme-deň oýnadylar, «Ahal» dördünji ýeňlişe sezewar boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Köpetdag» bilen «Altyn asyr» deňme-deň oýnadylar, «Ahal» dördünji ýeňlişe sezewar boldy

view-icon 5410
«Köpetdag» bilen «Altyn asyr» deňme-deň oýnadylar, «Ahal» dördünji ýeňlişe sezewar boldy
camera-icon
tff.com.tm

Futbol boýunça ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyry Aşgabatda we Türkmenbaşyda geçirilen iki oýun bilen başlandy.

Köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda «Köpetdag» bilen «Altyn asyr» duşuşdy. Olaryň ikisi hem öňde barýar, şonuň üçinem garşydaşlaryň hersi üçin oýnuň ähmiýeti uludy.

Duşuşygyň birinji ýarymyna goşmaça wagtyň ikinji minutynda Ýazgylyç Gurbanowyň takyk urgusyndan soň «Köpetdag» 1:0 hasabynda öňe çykdy. Türkmenistanyň wise-çempiony 75-nji minutda Myrat Annaýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňledi.

Türkmenbaşy şäherinde geçirilen oýunda ýerli «Şagadam» Türkmenistanyň häzirki çempiony «Ahaly» kabul etdi. Bu ýerde duşuşygyň ykbalyny 20-nji minutda meýdança eýelerinden Yhlas Magtymowyň geçiren ýeke-täk topy çözdi.

Netijede dört oýunda ýeňiş görmedik «Şagadam» çempionatda ilkinji ýeňşini gazandy. Şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda ikinji gezek oýnajak «Ahal» welin eýýäm bassyr dördünji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Milli çempionatyň 5-nji tapgyry «Aşgabat» - «Arkadag» we «Nebitçi»- «Energetik» toparlarynyň oýny bilen jemlener.

Häzirlikçe «Köpetdag» bäş oýundan soň 10 utuk bilen çempionatda öňde barýar. Häzire çenli utulyp görmedik, ýöne üç oýun geçiren «Arkadagyň» ondan bir utugy az. 4 oýundan soň 8 utuk toplan «Altyn asyr» üçünji orunda, ýöne hersi 3 oýun oýnan «Nebitçiniň» (7 utuk) we «Aşgabadyň» (6 utuk) ondan öňe geçmegem mümkin. Ondan soňky orunlarda « Ahal», «Energetik», «Merw» we «Şagadam» barýar, olaryň hersi 3 utuk toplady.