12 medal – bu, XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň paýtagty Hançžouda (HHR) geçirilen kuraş göreşi bounça türkmenistanly türgenleriň iki Aziýa ýaryşyndaky çykyşlarynyň netijesidir. Ildeşlerimiz sekiz medaly Aziýa çempionatynda gazandy, onda 14 medal ugrunda ýedi erkek we ýedi aýal agram derejesinde 20 ýurtdan 100-den gowrak türgen bäsleşdi.

Türkmenistanyň zenanlar toparynda kümüş medala türkmenabatly Aýşirin Haýdarowa (agram topary 48 kg çenli), bürünç medallara bolsa Türkmenabatdan Aýnur Amanowa (52 kg çenli) we Seýdi şäherinden Jahan Muhammedowa (87 kg çenli) mynasyp boldular.

Erkekler toparynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň 5-nji ýyl talyby Şamuhammet Gurbanow (66 kg çenli), Türkmenabat şäherinden tälimçi Şatlyk Jumanyýazow (73 kg çenli), Aşgabadyň 55-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Işanmyrat Ataýew (90 kg çenli), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Şatlyk Töräýew (100 kg çenli) we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň sport toparyndan Tejen Tejenow (100 kg-dan ýokary) bürünç medal eýelediler.
Hançžou şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynyň yzyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrunda “Kuraş: World Series Pro” ýaryşynyň Aziýa saýlama tapgyry geçirildi. Onuň düzgünnamasyna laýyklykda, ýeňijiler sentýabr aýynda Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilýän Gran Priniň soňky ýaryşyna gatnaşmaga hukuk alýarlar. Türkmenistanyň toparynda bu hukugy bürünç medal gazanan Işanmyrat Ataýew (90 kg çenli), Tejen Tejenow (100 kg-dan ýokary), Aýnur Amanowa (52 kg çenli) we Jahan Muhammedowa (87 kg çenli) dagy gazandy.
Kuraş ussatlarymyz Hançžou ýaryşlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we ýurdumyzyň Döwlet sport komitetiniň ýokary sport mekdebiniň baş tälimçisi Dörtguly Tejenowyň we Lebap welaýatynyň Sport komitetiniň sport mekdebiniň tälimçisi Şirin Gubaýewanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanylypdy.
Toparymyzyň halypalarynyň aýtmagyna görä, Hytaýda geçen ýaryşlar ýylyň esasy bäsleşiginiň – 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabry bilen 9-njy oktýabry aralygynda Hançžou şäherinde geçiriljek XIX tomus Aziýa oýunlarynyň öňýany ymykly synag boldy.