Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyry Aşgabatda we Maryda geçirilen üç oýun bilen başlandy.
Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň stadionynda wise-çempion «Altyn asyr» milli çempionat oýunlaryndan çykarylan Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny myhman aldy. Oýun meýdança eýeleriniň görnetin artykmaçlygy bilen dowam etdi: olar 20-nji minutda öňe saýlandylar. Sag ganatdan myhmanlaryň jerime meýdançasyna berlen top Azat Annaýewe tarap gitdi, ol bolsa ony garşydaşyň derwezesine girizdi.
56-njy minutda öz jerime meýdançasynda Myrat Annaýewe garşy düzgüni bozany üçin, Ruslan Piriýewiň iki sany sary kartoçka bilen oýundan çykarylmagy sebäpli, «Şagadam» az oýunçy bilen oýny dowam etdirdi. «Ejir çekeniň» özi bolsa 57-nji minutda jerime urgusyny amala aşyrmak bilen, «Altyn asyryň» artykmaçlygyny 2:0-a ýetirdi. «Şagadamyň» ýeňlişini 59-njy we 82-nji minutlarda gol salan Wahyt Orazsähedow tamamlady.
«Altyn asyryň» oýunçylary 4:0 hasabynda uly ýeňiş gazanyp, çempionlyk ugrundaky göreşde bäsleşmek umydy bilen ýaryşda öňde barýan «Arkadag» toparyna has ýakynlaşdy. «Arkadag» topary dört oýundan soň 12 utuk jemledi. «Altyn asyryň» bolsa 11 utugy bar, ýöne bäş oýundan soň. Üçünji orunda «Köpetdag» barýar, ýöne onuň alty oýundan soň 11 utugy bar.
6-njy tapgyrda «Köpetdag» myhmançylykda Marynyň «Merwine» garşy geçiren oýnunda iki utugy gazanyp bilmezligi sebäpli, öňdäki topara ýakynlaşmak mümkinçiligini elden giderdi. Bu oýunda meýdança eýeleri Mukam Nazzyýewiň (8-nji minut) we Ambýar Mahmudowyň (10-njy) uzak aralykdan amala aşyran ajaýyp urgularyndan soň 2:0 hasabynda öňe saýlanyp bilerdi. Tofik Şükürowyň şägirtleri oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 2 minut galanda, ýeňlişden halas boldular. Ilki 52-nji minutda Öwezbaý Muhammetmyradow ýüzüniň ugruna bir öwez topuny tora saldy, soňra, 88-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow şowly oýnap, utugyň üstüni ýetirdi we oýun deňme-deň tamamlandy – 2:2.
Balkanabadyň «Nebitçisi» dört oýundan soň 10 utuk bilen dördünji orny eýeleýär. «Aşgabat» ondan 1 utuk yza galýar. Ol Şatlyk Gurbanowyň salan iki topy (60-njy we 63-nji minut) netijesinde, bu tapgyrda «Nusaý» stadionynda «Ahaly» ýeňipdi – 2:0. Hasap has uly hem bolup bilerdi, ýöne 3-nji minutda «Aşgabadyň» oýunçysy Baýjan Satlykow derwezeçiniň hüjümçini ýykandygy sebäpli berlen jerime urgusyny şowly amala aşyryp bilmedi. Derwezeçi Öwezmyrat Öwezmyradow 11 metrlik jerime urgusyny tutmak bilen, özüni aklady.
Bu ýeňişden soň «Aşgabat» ilkinji dörtlüge ýakynlaşdy. Emma şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda ikinji gezek oýnajak «Ahal» bolsa eýýäm yzly-yzyna bäşinji gezek ýeňlişe sezewar boldy we «Energetik» hem «Şagadam» toparlary bilen bilelikde 3 utuk toplap, sanawyň soňunda barýar.
Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyry «Arkadag» – «Nebitçi» oýny bilen tamamlanar.