Ï «Köpetdag» – 2023-nji ýylyň Türkmenistanyň naýbaşy futzal ligasynyň birinji aýlawynyň ýeňijisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Köpetdag» – 2023-nji ýylyň Türkmenistanyň naýbaşy futzal ligasynyň birinji aýlawynyň ýeňijisi

view-icon 5206
«Köpetdag» – 2023-nji ýylyň Türkmenistanyň naýbaşy futzal ligasynyň birinji aýlawynyň ýeňijisi

Aşgabadyň «Köpetdag» topary basdyr ýedi ýeňiş gazanmak bilen, Türkmenistanyň naýbaşy futzal ligasynyň birinji aýlawynyň ýeňijisi boldy.

Oýnaýan tälimçi Maksat Myradowyň şägirtleri oýunlary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we Ulag kommunikasiýalary institutynyň sport zalynda geçirilen 7-nji tapgyrda «Milli goşuny» 16:3 hasabynda üstün çykyp, 21 utuk toplady.

Birinji aýlawyň netijeleri boýunça, «Köpetdag» 2023-nji ýylyň Türkmenistanyň naýbaşy futzal ligasynda ýekeje utugam ýitirmedik ýeke-täk topar bolup galýar.

«Migrasiýany» 3:1 hasabynda utan Türkmenistanyň häzirki üç gezek çempiony «Deňizçi» bolsa liderden 3 utuk yzda barýar.

13 utugy bolan geçen ýylyň milli çempionatyň bürünç medalçysy «Senagatbank» üçünji orny eýeleýär, ol TNGIZT-iň toparyndan ynamly üstün çykdy – 7:1.

Dördünji orny eýelän «Gümrükçi» Daşogzuň «Turan» topary bilen deňme-deň (4:4) oýnap, «Senagatbankdan» iki utuk yza galýar.

2023-nji ýylyň Türkmenistanyň naýbaşy futzal ligasynyň ikinji aýlawy 17-nji maýda «Turanyň» «Denizçi», «Migrasiýanyň» «Köpetdag», «Milli goşunyň» «Senagatbank» we «TNGIZ-iň» «Gümrükçi» bilen duşuşjak 8-nji tapgyryň oýunlary bilen başlar.