Ï «Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym finalyna çykmaga mümkinçiligi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym finalyna çykmaga mümkinçiligi artýar

view-icon 10066
«Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym finalyna çykmaga mümkinçiligi artýar
camera-icon
tff.com.tm

«Arkadag» we «Ahal» toparlary birinji çärýek final oýunlarynda uly ýeňiş gazanyp, futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym finalyna çykmaga mümkinçiligini artdyrdylar.

«Arkadag» toparynyň futbolçylary «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen duşuşykda «Köpetdagy» 5:1 hasabynda üstün çykmaga başardylar. Ýeňijilerden Didar Durdyýew (2-nji we 8-nji minutlarda) iki, şeýle hem Abdy Bäşimow (22-nji), Ihlas Toýjanow (36-njy) we Şanazar Tirkişow (86-njy) minutlarda bir pökgi geçirdiler. Baýramgeldi Gulmaýew (73-nji minutda) abraý goluny saldy.

Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda Türkmenistanynyň häzirki çempiony we Kubogynyň eýesi «Ahal» Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» 4:1 hasabynda üstün çykdy. Meýdançanyň eýelerinden Daýanç Meredow 12-nji, 27-nji we 65-nji minutlarlarda üç, Şöhrat Söýünow 24-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan bir pökgi geçirdiler. Myhmanlardan Yhlas Magtymowy (62-nji minutda) tapawutlandy.

Maryda «Aşgabatdan» 3:1 hasabynda üstün çykan «Merwiň» hem ýarym finala çykmaga gowy mümkinçilikleri bar. 90-njy minuta çenli meýdança eýeleri Alibek Abdurahmanowyň (7-nji minutda) we Musa Nurnazarowyň (23-nji minutda) takyk urgularyndan soň 2:0 hasabynda öňde barýardy.

Oýnuň esasy wagtynyň soňky minutynda Agajan Altyýew bir pökgi geçirdi. Duşuşyga berlen wagtyň 6-njy minutynda Alibek Abdurahmanow 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, hasaby 3:1 ýetirdi.

Paýtagtymyzyň Büzmeýin stadionda geçirilen Kubok ugrunda beýleki bir oýnunda Türkmenistanyň wise-çempiony «Altyn asyr» oýnuň goşmaga wagtynda Balkanabadyň «Nebitçisini 1:0 hasabynda utdy. 94-nji minutda Selim Nurmyradow ýeňiş pökgüsini tora saldy. Şonuň üçinem bu toparlar ýarym finala çykar diýmek entek ir.

Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogy ugrunda ýaryşynyň çärýek final duşuşyklarynyň jogap oýunlary 20-nji maýda geçiriler.