Ï «Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy

view-icon 5922
«Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy-2023 ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy

«Arkadag» toparynyň futbolçylary iki oýnuň jemi boýunça paýtagtymyzyň «Köpetdagyny» ýeňip, Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň ýarym finalyna çykdylar.

«Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen birinji oýunda «Arkadag» 5:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Jogap oýny paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Bäsleşigiň indiki tapgyryna çykmak üçin «Köpetdag» bäş pökgi tapawudy bilen ýeňiş gazanmalydy. Emma Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary bu wezipä hötdesinden gelmedi.

15-nji minutda Didar Durdyýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, «Arkadagy» öňe çykardy - 1:0. 10 minutdan soň, Ýazgylyç Gurbanow hasaby deňledi - 1:1, «Köpetdagyň» şondan artyk top salmaga güýji ýetmedi. Şondan soň diňe «Arkadagyň» oýunçylary tapawutlandylar. 31-nji minutda goragçy Mekan Saparow, 36-njy minutda toparyň kapitany Arslanmyrat Amanow, Yhlas Toýjanow bolsa 61-nji minutda pökgi geçirdiler.

«Köpetdagy» ikinji, bu gezek 4: 1 hasabynda utan «Arkadagyň» oýunçylary Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň ýarym finalyna çykdylar, indi olar «Nebitçi» (Balkanabat) -- « Altyn asyr »(Aşgabat) toparlarynyň duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşarlar. Olaryň «Altyn asyryň» meýdançasynda geçirilen birinji oýnunda paýtagtymyzyň kluby 1: 0 hasabynda utupdy.