«Köpetdagyň» futzalçylary Türkmenistanyň naýbaşy ligasynyň 9-njy tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sport zalynda geçirilen deňiz kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinden «Deňizçi» bilen oýnuň soňky pursatlarda hasaby deňläp başardylar.
Çempiyonlyga dalaşgär «Deňizçiniň» şu oýnundan öň «Köpetdagdan» 3 utugy azdy, oýunda utaýsa onuň yzyndan ýetjekdi.
Duşuşygyň birinji ýarymynyň dowamynda Alişer Hudaýbergenow Abdylla Nursähedowyň geçiren pökgüsini, dürs urup, «Deňizçini» öňe çykardy – 1:0. Şondan 3 minut soň Watan Ataýewiň 15 metrden depen pökgüsi derwezäniň sütünine degip, tora girdi - 1:1.
Ikinji ýarymda Abdylla Nursähedowyň meýdançanyň merkezinden eden hüjümi netijeli tamamlanyp, «Deňizçi» 2:1 hasabynda ýene öňe çykmana başardy. 2 minutdan soň, Mülkaman Annagulyýew meýdançanyň burçyndan oýna girizilen topy derwezä geçirip, hasaby deňledi - 2: 2.
Şondan soň «Deňizçi» öňe çyksa-da, emma üstüligi saklap bilmedi. Ilki Alişer Hudaýbergenow Akmyrat Durdyýewiň geçiren pökgüsini Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň derwezesine geçirdi, soňra bolsa Abdylla Nursähedowyň dürs geçiren topuny Maksat Soltanow derwezä saldy.
Oýnuň gutarmagyna 36 sekunt galanda-da «Köpetdag» 2:4 hasabynda utulýardy. Şeýle bolsa-da, oýnaýan tälimçi Maksat Myradowyň ýoldaşlary ruhdan düşmediler. «Köpetdagyň» futzalçysy Atajan Atdaew duşuşygyň gahrymany boldy, ol oýnuň tamamlanmagyna 21 sekunt galanda garşydaşlarynyň derwezesine üçünji, oýun gutarmagyna 9 sekunt galanda bolsa Gylyçmyrat Gylyçmyradowyň säwliginden peýdalanyp dördünji pökgüni tora salyp, öz toparyny ýeňlişden halas etdi.
Oýunyň soňky sekuntlarynda ýeňşi elden beren Ýakup Öwezowyň şägirtleri öňdebaryjyň yzyndan ýetmek mümkinçiligini elden gidirdiler.
9-njy tapgyrda Türkmenistanyň häzirki üç gezek çempiony «Deňizçiniň» gideren mümkinçiliginden onuň ýakyn bäsdeşi «Senagatbank» ýerlikli peýdalanyp biljekdi. Emma geçen ýylky milli çempionatyň bürünç medalynyň eýesi «Migrasiýadan» 2:5 hasabynda utulyp, amatly mümkinçiligi elden gidirdi.
Tapgyryň beýleki bir oýnunda ýaryşda deňeçer barýan TNGIZT-iň topary çekeleşikli oýunda Daşoguzyň «Turanyny» - 5:4 hasabynda utup, altynjy ornuny saklamana başardy.